Öňümizdäki günlerde paýtagt Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde “CZN Burak Gurme” restoranynyň Türkmenistandaky şahamçasy açylar. Açylyş dabarasyna ady belli bu konsept restoranyň düýbüni tutujy, “CZN Burak” ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan türk aşpezi Burak Özdemiriň özüniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Bahreýnde, Iordaniýada, Katarda, Müsürde, Täjigistanda, Özbegistanda we Britaniýada ýerleşýän “CZN Burak Gurme” restoranlar torunyň millionlarça muşdagy bolup, dünýä belli şahsyýetleriň bu restoranlara barmagy brendiň meşhurlyga eýedigini tassyklaýar. Indi, “CZN Burak” türkmen tagamsöýüjileriň ýüreklerinde hem orun almaga taýýarlyk görýär. “Biznes Türkmenistan” neşirine beren interwýusynda Burak Özdemir öňde boljak açylyş dabarasy barada gürrüň berdi. BT: Türkmenistanda restoran açmak pikiri nähili döredi? Sizi bu ädimi ätmäge nähili ýagdaýlar ruhlandyrdy? CZN Burak: Türkmenistan özboluşly med
CZN Burak: ‘Aşgabatda myhmanlarymyza aňyrbaş tagamlar we özboluşly şüweleňler garaşýar’
27 ноября 202427 ноя 2024
3 мин