Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen döräp,ony millet edýän ruhy we maddy gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ösendigini taryhy çeşmeler subut edýär. Türkmen milleti Oguz han Türkmeniň eýýamyndan başlap dürli oýlap tapyşlary, milli gymmatlyklarymyzy döredipdir. Şolaryň içinde hünärmentçilik we senetçilik hem ösüp,kämil derejä ýetipdir.
Hünärmentçilik* we senetçilik* türkmenleriň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanylýar. Bu pudak hojalygyň ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk pudaklary bilen aýrylmaz baglanyşykdadyr. Senetçiligiň iň gadymy görnüşi bolan elde tara dokamak, mata öndürmekden başga-da, türkmenlerde zergärçilik, atlaryň şaýyny ýasamak,öý gurallaryny taýýarlamak, oba hojalygyna gerek bolan enjamlary öndürmek işleride ep-esli derejede ösüpdir.Haly-palas,keçe önümlerini öndürmek, keşde çekmek işleri bolsa inçe sungatyň derjesine çenli baryp ýetipdir.Hünärmentçiliň we senetçiligiň arasynda zähmet bölünişigi bolup, önümçilik ýokaryderejede ýöriteleşdirilipdir. Kümüş ussasy (zergärler), mis ussasy,demir ussasy, ýarag ýasaýan, deri-gön taýýarlaýan, aşgar-sabyn gaýnadýan adamlar, dürli zatlar ýasaýan agaç ussalary bolupdyr. 1
Taryhy maglumatlara görä, türkmenleriň belli-belli bölegi ekerançylyk, maldarçylyk* bilen meşgullanypdyr. Bulara esasan çomrular* we çarwalar* diýilýär : türkmen dörediji halk diýlipatlandyrylypdyr.Halkyň çarwaçylyk meşgullanmagy hem ýedi hazynanyň biri hasaplanýan, maldan gelýän önümiň ählisini isripsiz, dürli hajatlar üçin gerekli peýdalanmagyna getiripdir. Ýagny, malyň –eti azyk,ýüňi halydyr-palas üçin, derisi hem esasan egin-eşik üçin köp peýdalanylypdyr.Malyň derisinden gurulan öý, tikilen egin-eşik berkligi gyşda ýylylygy bilen tapawutlanypdyr.
1. Джикиев А. Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана. A., 1977 стр. 77
a)Türkmeniň ak öýi baradaky taryhy çeşmeler
Biziň ata-babalarymyzyň oýlap tapan gadymy ýerleri maldarçylyk medeniýetiniň (siwilizasiýasynyň*) bölegi türkmen ak öýüdir. Ol türkmenleriň ýaşaýyş jaýlarynyň bir görnüşidir. Türkmen ak öýleri çarwa maldarlarynyň örän rahat we taýsyz göçme ýaşaýyş jaýydyr. Sebäbi onuň ýeliň sarsgynyna çydamlylygy, içiniň howasynyň çalşyp durmagy ýaly amatly taraplary bardyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly:“Häzirki döwürde halkara jemgyýetçiliginde türkmen halkynyň beýik taryhyna, baý medeniýetine bolan garaýyş bütünleý özgerdi”1
Türkmeniň ak öýi baradaky has doly maglumatlar arap-eýran ýazarmanlaryň (awtorlarynyň) içlerinde duş gelinýär. ХI-asyr arap geografiýaçysy Ibn wadin al-Ýakubynyň2 maglumatlaryna görä, Oguzlar diňe türki, daşy gyraňly çadyrlarda ýaşaýarlar.Ol çadyrlarda çüýüň ýerine haýwan we sygyr hamyndan edilen kementler ulanylypdyr we daşyna keçe tutulypdyr. Olar ýüňi basyp, saýyp taýýarlamaga iň ökde halkdyr, sebäbi olaryň egin eşikleri şol şerişdelerden bolupdyr,’’ diýip belleýär.
N.M.Murawýow ( 1819-1820ý) şeýle ýazyprdyr:
“Türkmenleriň ak öýleri tatarlaryň Gruzýadaky öýlerine meňzeş edilipdir. Agaçlaryň ýa-da çybyklaryň daşyna örülen gamyş aýlanýar we onuň üstüne keçe örtülýär. Öýüň içi ajaýyp halylar bilen bezelýär”.3 I.T.Blaramberg ak öý barada şeýle ýazýar: ,, päkize we arassa ýeri haly ýa-da keçe ýazylýar, diwarynyň ýanynda uly haly enjamlary salynýar’’ Ak öý näme we onuň gurluşy hem-de içiniň bezelişi nähili ?
Rus dilinde ýazylan edebiýatlarda ak öý,, ýurta,’’ ,,kibitka’’, ,,dym’’, ,,palatka’’ adalgalary bilen anyklanylýar. ХХ asyryň birinji çärýegine çenli Murgapda, Ahalda we Demirgazyk Türkmenistanyň çäklerinde aköýüň agaç böleklerini ýasaýan ussa bolupdyr. Ussalar ak öýüň böleklerini gaýyň söwüt, azzar ýaly berk agaçlardan sargyt boýunça we satmak üçin ýasapdyrlar. Işlenilýän inçejik agaçlar çyg bolmaly şonda olara islendik görnüşi bermek bolýar. Eger agaç gury bolsa, onda tä ýumşap , şeýle bolýança suwda saklanmaly bolupdyr. Ak öýüň uklary , gözenek tärimi, tegelek tüýnügi üçin inçe agaçlary taýýarlanlarynda ýanyp, tä gerekli ölçegi we görnüşe gelýänçe, olary egreldipdirler. Aköýüň böleklerini - ýagny, iş kerkisi, bişe ýaly gurallar bilen egreldipdirler we guradypdyrlar. Agaçlary atanaklaýyn, goýuşdyryp, deşiginden geçirilen çig, ham bagjyklar bilen olary daňyp, ,,tärim’’* ýasapdyrlar (edil orta asyrdaky ýaly). Agaçdan “tüýnük”* ýasamaklyk aýratyn ussatlygy talap edipdir. Onuň üçin gaty berk we çeýe agajy ulanmaly bolupdyr. Iki sany uzyn agajy ýarym tegelek görnüşinde egreldip, soňra olary birleşdiripdirler. Tüýnügiň tegelek agajynda şahalar edilipdir. Olaryň sany tüýnüge berkidilýän uklaryň sany bilen deň bolupdyr. Ak öýleriň, gapylary aýlawly gazma nagyşlar bilen bezelipdir. Kaspi boýundaky türkmenlerde ak öýüň bahasy bir ,,arwananyň’’ bahasyna barabar ýa-da 30-35 tümen* bolupdyr.
1.G.Berdimuhamedow “Medeniýet halkyň kalbydyr” .Aşgabat,Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 220-nji sahypa
2.Ibn wadin al-Ýakuby - ХI-asyr arap geografiýaçysy
3. Arheologiýa SSSR.M-1972. I-tom. 182-nji sahypa
Türkmen däbine görä, öýüň bahasy bir gowy düýäniň bahasyndan ýokary bolmaly däl eken. Aköýüniň içiniň meýdanynyň ölçegleri onuň ganatynyň (agaç gözenekleriniň) sanyna bagly bolupdyr. Ýönekeý öýüň dört ganaty, 60-90 yklary bolupdyr. Atly baýlar we barly adamlar kä wagt 6-8 ganat öýleri ussalara buýrup ýasapdyrlar. Ol öýleriň yklarynyň sany 130-a ýetipdir we içi giň bolupdyr.Ýönekeý ak öýüň daýanç merkezi (esasy) 4-sany gözenek – gözenek bilen daňyp berkidipdirler, gapy üçin ýer goýupdyrlar. Öýüň içiniň giňligi tärmiň ganatlarynyň we yklarynyň sanyna hem-de ululygyna bagly bolupdyr.
Şeýle çuň taryhy mazmuna eýe bolan türkmenleriň milliligi bu gün öz bolşunda şöhlelenýär.1860-1861-nji ýylda mary-gajar jeňinde Eýran şasy Nasreddin şanyň ýörişlerini mahabatlandyrmak üçin ýörite habarçy hökmünde çagyrylan fransuz habarçysy Genri-de Gulibef de Blokwil türkmenlere ýesir düşýär we özüniň “Türkmenleriňkide ýesirlikde” diýen işinde türkmen öýlerine “Ýanyňda göterilýän öýler” diýip at beripdir we öýler barada öz işinde ýazypdyr.1
Taryhçylar Zakaspide türkmen milli öýleriniň ajaýyp aýratynlyklaryny belläp geçipdirler. ”Zakaspi oblastyna syn” neşiriniň 1889-njy ýyldaky sanynda türkmen öýi hakynda şeýle diýilýär: “Türkmen öýi beýik bolup, ýanyňda amatly usulda göçürip bolýar” diýip bellenilip geçilýär 2
II.Türkmen öýüniň tebigaty we ýerine ýetirýän wezipesi.
Ata-babalary ozal çarwaçylyk bilen meşgul bolan halklaryň hemmesinde diýen ýaly özüniň öýleribar. Ýylylygy,ýeňilligi ýa-da agyrlygy bilen, görer göze ýakymlylygy ýa-da bişekilligi bilen biri-birinden tapawutlanýar diýäýmeseň, ýer ýüzündäki halklaryň ählisinde diýen ýaly milli öýi bar.Örän gysga wagtda, ýagny bir sagatda sökülip düzülýänligi sebäpli dörediji türkmen halkynyň sungat derejesinde oýlap tapan ýazlakdaky öýi bolmaly. Şeýle-de türkmenler ýaşap, ömür süren mukaddes ojagyny - öýüniň gurluşyny, içini-daşyny gözel bezemekligi başarypdyr.Gadymy ak öýlerimiziň bezegi hakda gürrüň gidende bada-bat türkmen zenanynyň el hünäri göz öňüňe gelýär. Negözel gelinleriň elinden çykyp ak öýüň täriminden asylan haly çuwallar torbalar we ýene-ýene ownuk-uşak ýüplerdir bilguşaklar öz nepisligi bilen nazaryňda uzak eglenýär. Türkmeniň ak öýleri, adam eli bilen döredilen gudrat derejesine ýetirilipdir. Pikir edip görüň, seleňläp oturan ak öýdür welin, onuň hiç ýerinde demir goşundysy ýokdur. Diňe yrym edip, aşaky bosaga teňňe kakýarlar. Ýönekeýligiň şeýle beýiklige galan nusgasyny başga bir ýerde görübem bolýan däldir. Eger dünýä ösüşine, gurluşyna haýsam bolsa bir üýtgeşik zady goşup bilen halk güýçli bolsa, şu manyda biziň halkymyzyň hem buýsanmaga haky bar. Sebäbi onuň adamzada peşgeş beren zady bir ýa-da iki däl. Türkmeniň ak öýleri hem şolaryň biri diýilse, söz ulaldygy bolmaz. Öý öwlüýädir. Bu aýdyň hakykatdyr. Sebäbi ynsanlaryň ähli yrsgal döwleti şol öýlerde jemlenendir. Muňa mysal edip, ir owallar bolup geçen şeýle wakany ýatlamak bolar: “Uzan enäniň ýüwürjisi Ak Köşek aga örän döwletli, yrsgally adam bolupdyr. Ol öz öýüni öz dostuna satmakçy bolupdyr. Emma Uzan ene “Seniň ajy günleriň hem, süýji günleriň hem şol öýde geçdi, ösdüň-örňediň, döwlet yrsgal gazandyň, nämede bolsa sen öýiňi satma” diýen.
1.Genri de Gulibef de Blokwil.”Türkmenleriňkide ýesirlikde.” A – 1992. 52-nji sahypa.
2.Обзор за каспиской области с 1882 по 1890. А-1987. С 64-77 1882 po 1890 god . A-1987. S. 64-77
Emma töwekgellige gol beren Ak Köşek aga öz diýenini edip öýüni satypdyr. Aňyrsy bir hepde, on günüň içinde ýaňky görgüli uly işi gaýdançylygyň üstünden barypdyr. Ýetmiş-segsen sany sagylýan göleli sygyryndan bary ýogy üç sanysy galypdyr, özem ýer döle metjidinde ýassy namazyny okap otyrka möý çakyp, aradan çykypdyr.1 Bu waka öý-öwlüýä diýilmeginiň subudydyr. Türkmençilikde synmaz kanuna öwrülen bu kesgitlemäniň anyk manysy öý-mukaddeslikdir diýmekden ybaratdyr. Millet jemgyýetden ybaratdyr, jemgyýetiň esasy daýanjy bolsa maşgaladyr. Jemgyýetiň ahlak, ruhy we edep kämilligi-de maşgalanyň kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklajak bolsaň, maşgalany sagdyn we arassa saklamaly.
Biz şu ylmy işimizde türkmen öýüni we onuň bezeg önümlerini öwrenmekligi maksat edindik. Şeýle-de ol öýüň ähli goş-golamynyň baglanyşygynyň sungat derejesindäki ähmiýetini ilkinji gezek sungat öwrenijilik taýdan öwrenmekligi, öz öňümizde maksat edindik. Şeýle-de türkmen öýleriniň gelip çykyşy, gurnalyş usullary, saglygy dikeldijilik ähmiýeti, öý barasyndaky atalar sözleridir rowaýatlar, içki bezegleri barasynda şol öýlerde ýaşan ýaşuly nesillerdir, öý gurnaýan ussalar bilen söhbetdeşlik guraldy.
Meselem: Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjylary öý hojalykçy zenan Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen, harazçy Salyhow Aşyr bilen, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýöleten etrabyň “Milli miras” muzeýiniň direktory, mirasgär Esenow Atageldi bilen, hem-de şoletrabynyň ýaşaýjysy Aksoltan Meretjik bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Ilkinji türkmen öýleri, olaryň görnüşleri we taryhy ýoly barada etnograf* A.Jykyýewiň “Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана“ atly kitabynda maglumatlar berilýär.
Alym S.Myradowanyň “Halyçylyk we el işleriniň sözlügi” atly kitabynda haly önümleriniň türkmen öýüni görkanalyga ýetirenligi we gündelik durmuşyň talaplaryny berjaý edendikleri barasynda gürrüň berilýär. R.Gaýypgulyýewiň “Öýler ömrüň örküdir” gazet makalasynda ynsanlaryň ömrüniň manysynyň öýlere deňelendigi dogrusynda, şeýle-de öýleriň gadyr-gymmaty, öý howasynyň jana ýakymlylygy, gadymy ata-babalarymyzyň gupba ýaly, altmyş başly ak öý tutmak ýaly arzuwlarynyň amala aşmagynyň neneňsi görülmez gudratlygy hakynda gürrüň berilýär.
M. Saparowyň „Türkmeniň gurnama öýi“ atly žurnal makalasynda türkmen halkynyň gurnama öýleriniň döremegine sebäp bolan ýagdaýlar, hem-de olaryň nähili gurnalandygy, haýsy araçäklere ýaýrandygy barasynda maglumatlar berilýär.
A. Gurbangeldiýewiň „Altmyş başly ak öýüm“ gazet makalasynda türkmen öýüniň çeper keşbi, öý tutmagyň tärleri, öýüň içiniň atlary we oňa degişli zatlar, öýüň on iki süňňi barada gyzykly söhbet açylýar. 2
A. Jykyýewiň, I.Ýazlyýewiň „Günorta-gündogar Türkmenistanyň ilatynyň köne ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşleri“ ady bilen belli bolan žurnal makalalarynda Sarahs we Ýolöten etraplarynyň XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynda ilatynyň ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşleri olaryň häli-häzire çenli saklanyp galanlygy barada beýan edilýär. 3
1. Джикиев А. Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана. A., 1977 стр. 87
3. “Zenan kalby” žurnaly, 2016-njy ýylyň marty
2. “Edebiýat we sungat” gazeti, 2013-nji ýylyň 9-njy ýanwary N. Gurbangulyýewanyň „Türkmenleriň ak üzükli şäheri“ atly gazet makalasynda bolsa gelin-gyzlarymyzyň öz keşpleri ýaly owadan nagyşlary öý bezeginiň haly önümlerinde siňdirip, şeýle hem sada zähmet guraly bilen häzirki döwrüň ösen senagat önümleriniň hili boýunça birjik-de pesde durmaýan gadymy hem müdümi önümleri ýürek yhlasyndan çykyp sungat derejesinde döredendiklerini äşgäre getirmäge synanyşdyk.
G.Aşyrowanyň “Ak öý”* atly žurnal makalasynda öz ömrüni ak öýlerde geçiren Eneke Durdybaýewanyň türkmen öýleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýän sungat gözelligidigini barasyndaky beren gyzykly gürrüňi teswire getirdik.
Şeýle-de, ajaýyp türkmen öýleriniň we haly önümleriniň dünýewi we häzirki zaman dünýä medeniýetinde tutýan orny hem-de onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde taryhy medeniýetimiziň ýitip gitmezligi, medeni dynç alyş ýerlerde, toý baýramçylyklarda görülmez gudrata eýe edip dikeltmelidigi barasyndaky pikir öňe sürülýär.