Meýilnama:
Giriş.
1.Türkmen dutarynyň taryhy ýoly.
2.Türkmen dutarynyň tebigaty, ýerine ýetirýän wezipeleri.
3. Türkmen dutarynyň gurluşy we bezelişi.
4.Türkmen dutary sanly ulgamda.
Netije.
GIRIŞ
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
“Ýurdumyzda bagşylarymyz üçin täze täze aýdymlar döretmäge dünýäde deňi-taýy bolmadyk mümkinçilikler döredilendir”
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz sahabaty bilen uzak asyrlaryň ruhyny özüne siňdiren milli däplerimiz täze röwüşde gaýtadan dikeldilip, onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrylýar.
Türkmen halkynyň gadymy we baý taryhy bar. Öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň gadymy döwürlerden bäri dünýäniň medeni-ruhy we syýasy-ykdysady ösüşine öz ýadygärlikleri, maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, ozlerinden soňky nesillere miras galdyrypdyr. Türkmen halkynyň baý milli mirasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň esasy ruhy binýatlaryň biridir. Halkymyzyň gelip cykyşyny, onuň dünýä ýaýramagyny, dürli döwürlerde ýaşan ýerlerini, türkmen halkynyň gadymy ýaşaýyş durmuşyny, däp-dessuryny, meşgullanan kärlerini, hojalygyny öwrenmek we bilmek ýaş nesilleriň esasy wezipesidir.
Türkmen dutary - türkmeniň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşany bolup, halkymyzyň däp-dessurlaryny, milli bezegler bilen bezelen gadymy özboluşlylygyny özünde jemleýär. Türkmen dutary – türkmeniň diňe bir ýaşaýyş zerurlygy bolman, eýsem, halkymyzyň tebigat bilen baglanyşygynyň hem üzülmez zynjyry bolup hyzmat edipdir.
Türkmen dutary baradaky ilkinji taryhy çeşmeler has irki döwürlere degişlidir. Taryhy çeşmelerde Türkmen dutarynyň emele gelmeginiň türkmenleriň ata-babalary bolan saklaryň we massagetleriň ýaşan döwürleri bilen gabat gelýändigi aýdylýar. Halkymyzyň ayrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň ählisi taryhy gatlaryna siňip, nesilden - nesle geçirilip biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen mukaddes dutaryny ýagşy niýetden ugur alyp, gazma görnüşinde gurupdyr. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: “Nepisligiň, gözelligiň iň ýokary derejesine göterilen maddy-ruhy gymmatlyklarymyz taryhyň dürli döwürlerindede öz milli öwüşginini, milli gymmatyny, milli ruhuny ýitirmän, biziň günlerimize gelip ýetipdir.” 1 Işde türkmen etnologiýasyna1 degişli dürli çeşmeler, edebiýatlar bilen tanyşdyrylyp, işlemegiň usullary görkezilýär. “Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy gymmatlyklaryň mekanydyr. Gadymy Marguş, Parfiýa, Garahanly, Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç türkmenleriniň gülläp ösen döwründe ata-babalarymyz ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny dünýä bagyş etdi”- diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adalatly nygtaýar2. Hakykatdan hem, halkymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklary dünýä medeniýetini has hem baýlaşdyrdy.
1. Berdimuhamedow G. “Medeniýet halkyň kalbydyr” .Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 82-nji sahypa
Dünýäniň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşap, häzirki zaman dünýäniň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýar. Ylmy işimizde halk döredijiligine degişli ýazylan monografiýalarda* durlup geçildi. Bu ylmy işimizde öňde goýan wezipelerimiz: halkymyzyň taryhy ýaşaýyş şertlerini öwrenmek, milli mirasymyzyň sahypalaryndaky milli türkmen dutary barasyndaky edebiýatlar bilen tanyşmak, muzeýlerdäki, ýerlerdäki ýerlerdäki dutarlary synlamak we surata almak, amaly-haşam sungatymyzyň usullary bilen tanyşmak, şeýle hem dutar bilen baglanyşykly dürli maglumatlary jemlemekden ybaratdyr.
Birinjiden, türkmen dutarynyň taryhy ýoly, gurnama usullary we kada-kanunlary, milli aňyýet we uýmalar barasyndaky maglumatlary açyp görkezmek;
Ikinjiden, saz gurallarynyň gündelik durmuşyň talaplaryny berjaý etmeklik bilen çäklenmän, eýsem türkmen öýüniň gözellik bezegi bolandygyny açyp görkezmeklige synanyşdyk.
Şeýle-de, ajaýyp türkmen dutarlarynyň we saz gurallarynyň dünýewi we häzirki zaman dünýä medeniýetinde tutýan orny hem-de onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde taryhy medeniýetimiziň ýitip gitmezligi, medeni dynç alyş ýerlerde, toý baýramçylyklarda görülmez gudrata eýe edip dikeltmelidigi barasyndaky pikir öňe sürülýär.
Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanylan "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda anyk ugurlary wezipeleri kesgitleýär. Onuň üçin internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly ulgam-sansyz mümkinçilik ýagny, sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, ýurdumyzyň ylym ulgmyny täze belentliklere çykarar. Uzak aralykdan bilim bermegiň beýleki usullarynyň geçirilmegi, we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym bilim merkezleri bilen wideoşekilli maslahatlaryň guralmagy bu işleriň netijeli boljakdygyny aňladýar.
Bu ylmy işimiziň maksady: türkmen dutarynyň gysgaça taryhyny öwrenip, ony seljermekden,çeşmeleri deňeşdirmekden ybaratdyr. Ýene-de bir zat: olam türkmeniň milli däp-dessurlarynyň döreýşi, ösüşi,onuň biziň şu günki durmuşumyzdaky ähmiýeti we kökleri barada has çuňdan oýlanyp görsek, bir hakykyata göz ýetirýäris.
Ol hem türkmen türkmen dutarynyň mazmunyny halkymyzyň nesilleriň gowy bilmegi üçin onuň ýasalyşynyň, kadalarynyň elýeterli etmegiň zerurlygydyr.Bu zerurlyk ençe asyra çenli dagynyklykdan soň özbaşdak döwletini guran,ata-babalarymyzyň gadymyýetiň jümmüşinden gözbaşyny alan durmuş ýörelgelerine laýyk gurmak,aslyna dolanmak isleýän türkmen halklarynyň göwün maksadyndan döräpdir.
1. Etnologiýa- latyn dilinden “etnos”-halk, “logos”-ylym, halkyň gelip çykyşyny öwrenýän ylym.
2. G.Berdimuhamedow “Medeniýet halkyň kalbydyr” .Aşgabat,Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 222-nji sahypa
Ylmy işiniň ýene-de bir maksady : türkmen dutarlarynyň aýratynlyklaryny görkezip,olaryň gurluşynyň umumy manydan gelip çykýandygyny görkezmek we olary sanly ulgama geçirmek we okuwçylaryň logiki pikirlerini artdyrmakdan ybarat. Şeýlelikde, şu maksada ýetmek üçin aşakdaky wezipeleri çözmekligi göz öňünde tutduk.
1.Ilki bilen,degişli çeşmelerden we ýerli ilatdan derňeýän meselämize degişli maglumatlary toplamak.
2.Derňelýän türkmen dutarynyň ulanylýan gerimini anyklamak, olaryň beýleki çäklerde duş gelýän görnüşlerini ýüze çykarmak.
Işiň ylmy täzeligi şulardan ybaratdyr:
1. Ylmy nukdaýnazardan öwrenilen türkmen dutarynyň taryhy baradaky maglumatlary sanly ulgama geçirmek;
2. Merkezi Aziýa halklarynyň dutarlarynyň aýratynlykda öwrenilen, türkmen dutarynyň gurluşy boýunça etimologik sözlük düzüp, ony sanly ulgama geçirmek1.
(zen.yandex.ru türkmen dutary)
Işiň durmuşy ähmiýeti:
1. Türkmen dutarynyň ylmy esasda öwrenilmegi milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegine ýardam eder.
2.Türkmenleriň hakyky taryhynyň döreýän döwründe türkmeniň milli dutarynyň taryhyny dikeltmek bize başardan bolsa, umumy türkmen taryhynda möhüm ädimleriň ýene-de biri bolup bu iş hyzmat eder.
3.Şu ylmy işiň etnografiýa* bilen gyzyklanýan okuwçylara,talyplara we mugallymlara belli bir derejde ähmiýeti bolar diýen tamamyz bar.
Derňewiň usuly esaslary:derňewiň esasy meselesi türkmen dutary bolsa-da, biz diňe bir milli dutarbilen çäklenmän, käbir beýleki halklaryň dutarlary bilen hem deňeşdirme esasda peýdalanmaga synanyşdyk. Derňewimiziň usuly esasyny Hormatly Prezidentimiziň milli syýasatlary, onuň pähimleri we türkmeniň milli mirasyny öwrenmeklige bagyşlanan taryhy,filologiýa* we beýleki işler düzýär.
Derňewiň usullary we çeşmeleri. Türkmen milli dutary derňewleriň maddy binýady bolup hyzmat edýär. Işde esasy usul taryhy hakykatçylyk boldy.Türkmen öýüniň taryhyny öwrenmekde iki usuldan – neçjarçylyk ussalaryndan sorap ýazyp almak we anketa usulyndan peýdalandyk.
2.Taryhçylaryň işleri: A.Orazowyň, A.Jykyýewiň ,G.Öwezberdiýewiň we beýlekilerden peýdalandyk.
3. Däp-dessurlara, türkmen lybasyna degişli gazet-žurnallarda çap edilen makalalar, “Garagum”, “Zenan kalby”,”Dünýä edebiýaty”,”Bilim” žurnallaryndan,”Watan”, “Nesil”, “Mugallymlar gazeti”, “Türkmen gündogary”,”Edebiýat we sungat” gazetlerinde çap edilýän makalalardan peýdalandyk.
Işiň gurluşy: iş girişden, esasy bölümden, netijeden, sözlüklerden we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan durýar.
Girişde meseleleri öwrenmekligiň derwaýyslygy,öwrenilişi, derňewiň maksatlary, wezipeleri, ylmy täzelegi, durmuşy ähmiýeti, derňewiň usullary we çeşmeleri görkezildi.
1. zen.yandex.ru türkmen dutary (web sahypamyz)
Işiň “Türkmen dutarynyň taryhy ýoly” diýen birinji bölüminde türkmen dutary baradaky maglumatlar,çeşmeler beýan edilýär.
Işiň “Türkmeniň milli dutarynyň tebigaty, ýerine ýetirýän wezipeleri” diýen ikinji bölüminde türkmen dutarynyň aýratynlyklary, hyzmaty,ýerine ýetirýän wezipeleri barada birin-birinde durlup geçilýär.
Işiň “Türkmen dutarynyň gurluşy we bezelişi” diýen üçünji bölüminde” türkmen dutarynyňýasalyşy, dutaryň bezelişi, neçjarçy ussalar barada gürrüň edilýär.
Işiň “Türkmen dutary sanly ulgamda” diýen dördünji bölüminde” häzirki zaman türkmen dutaryhakynda, garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen dutarynyň mertebesi hakynda gürrüň edilýär.
Netijede geçirilen işleriň jemleri umumylaşdyrylýar.
Türkmenler ýaly öz milli däp-dessurlaryny, öz milli egin-eşiklerini saklap galan millet ýokdur. Biz haýsy döwürde ýaşasagam,döwrümüze görä ýaşasagam,milliligimizi ýitiremizok. 1
Türkmen milli dutarynyň jadylaýjy güýji şeýle bir beýik welin, onuň milli däp-dessurlarymyza, gadymy geçmişimiz bilen baglanyşygyna hem gözelligine haýranlar galýarsyň.
Dünýäde gaty köp halk bar. Hersine-de özboluşly gylyk-häsiýet, durmuş ýörelgesi, aň aýlaýyş häsiýeti mahsus. Olaryň arasynda, megerem, meňzeşligem bardyr. Ýöne şol halklaryň käbirinde bolan aýratynlygy, däp-dessury ýa-da ýaşaýyş äheňini başga bir halka dahylly etmegem mümkin däl. Sebäbi olary şol halkyň özi bu dünýäniň durmuş akymyna goşupdyr. Türkmen dutary hem edil şeýle hadysa. Ol biziň aňymyzda suratlanyşy ýaly görnüşde diňe türkmen halkynda bar. Eger ol başga bir milletde bar hem bolsa biziňkiden tapawutlydyr.
Türkmenler togsan dolup, ýere ýyly gireninde ýazlaga çykypdyr. Bu ýagdaý bolsa, örän gysga wagtda, ýagny bir sagatda sökülip - düzülýänligi sebäpli dörediji türkmen halkynyň sungat derejesinde oýlap tapan ýazlakdaky dutary bolmaly. Şeýle-de türkmenler ýaşap, ömür süren mukaddes ojagyny - dutarynyň gurluşyny, içini-daşyny gözel bezemekligi başarypdyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyz öz dutarlaryny:
“Türkmenleriň iki kirişli dutary,
Ýada salar elwan gülli bahary” - diýip mysaly ak şähere, hem-de bahar paslyna ýöne ýerden meňzetmändirler. 2
Türkmeniň milli dutarynyň bezegi hakda gürrüň gidende bada-bat türkmeniň el hünäri göz öňüňe gelýär. Negözel ussalaryň elinden çykyp, ak öýüň täriminden asylan dutar, haly çuwallar, torbalar we ýene-ýene ownuk-uşak ýüplerdir bilguşaklar öz nepisligi bilen nazaryňda uzak eglenýär.
Türkmen dutary adam eli bilen döredilip, gudrat derejesine ýetirilipdir. Pikir edip görüň, dutaryň hiç ýerinde demir goşundysy ýokdur. Ýönekeýligiň şeýle beýiklige galan nusgasyny başga bir ýerde görübem bolýan däldir.
1. Berdimuhamedow G.“Seljuklar döwrüniň edebiýaty we medeniýeti” atly Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara (11.03.2009ý)
2. “Zenan kalby”, 2004ý, mart ( G.Annaberdiýew. “Türkmen öýi” goşgusy)
Eger dünýä ösüşine, gurluşyna haýsam bolsa bir üýtgeşik zady goşup bilen halk güýçli bolsa, şu manyda biziň halkymyzyň hem buýsanmaga haky bar. Sebäbi onuň adamzada peşgeş beren zady bir ýa-da iki däl. Türkmeniň dutarlary hem şolaryň biri diýilse, söz ulaltdygy bolmaz. Näçe asyr dagynyk,söweşli ýyllarda ýaşanam bolsa, türkmen halky öz milliligini ýitirmän biziň günlerimize ýetirmegi başardy. Ynha, şol ata –babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzyň biride türkmen dutarydyr.
1.Türkmen dutarynyň taryhy ýoly.
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen döräp,ony millet edýän ruhy we maddy gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ösendigini taryhy çeşmeler subut edýär. Türkmen milleti Oguz han Türkmeniň eýýamyndan başlap dürli oýlap tapyşlary, milli gymmatlyklarymyzy döredipdir. Şolaryň içinde hünärmentçilik we senetçilik hem ösüp,kämil derejä ýetipdir.
Hünärmentçilik* we senetçilik* türkmenleriň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanylýar. Bu pudak hojalygyň ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk pudaklary bilen aýrylmaz baglanyşykdadyr. Senetçiligiň iň gadymy görnüşi bolan elde tara dokamak, mata öndürmekden başga-da, türkmenlerde zergärçilik, atlaryň şaýyny ýasamak,öý gurallaryny taýýarlamak, oba hojalygyna gerek bolan enjamlary öndürmek işleride ep-esli derejede ösüpdir.Haly-palas,keçe önümlerini öndürmek, keşde çekmek işleri bolsa inçe sungatyň derjesine çenli baryp ýetipdir.Hünärmentçiliň we senetçiligiň arasynda zähmet bölünişigi bolup, önümçilik ýokaryderejede ýöriteleşdirilipdir. Kümüş ussasy (zergärler), mis ussasy,demir ussasy, ýarag ýasaýan, deri-gön taýýarlaýan, aşgar-sabyn gaýnadýan adamlar, dürli zatlar ýasaýan agaç ussalary bolupdyr. 1
Taryhy maglumatlara görä, türkmenleriň belli-belli bölegi ekerançylyk, maldarçylyk* bilen meşgullanypdyr. Bulara esasan çomrular* we çarwalar* diýilýär : türkmen dörediji halk diýlipatlandyrylypdyr.Halkyň çarwaçylyk meşgullanmagy hem ýedi hazynanyň biri hasaplanýan, maldan gelýän önümiň ählisini isripsiz, dürli hajatlar üçin gerekli peýdalanmagyna getiripdir. Ýagny, malyň –eti azyk,ýüňi halydyr-palas üçin, derisi hem esasan egin-eşik üçin köp peýdalanylypdyr.
1. Джикиев А. Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана. A., 1977 стр. 77
a)Türkmenin milli dutary baradaky taryhy çeşmeler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly:“Häzirki döwürde halkara jemgyýetçiliginde türkmen halkynyň beýik taryhyna, baý medeniýetine bolan garaýyş bütünleý özgerdi”1
Türkmen halkynyň belli saz guraly dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Ol özbeklerde-de, garagalapklarda-da, gyrgyzlarda-da uýgurlarda-da we başga-da birnäçe halklarda bar. Emma olar bir-birinden möçberleri, perdeleri, hatda kirişleri boýunça hem tapawutlanýarlar. Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Şonuň üçin-de dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirişi bolýar. Şol sebäpli-de gündogar halklarynda oňa dutar diýýärler. “Du” arap-pars dilinde “iki”, “tar”bolsa kiriş diýmekdir. Dutar barada halk rowaýatlar dördipdir. Olaryň iň ýörgünlileriň biri Babagambaryň dutar ýaşaýşy we aty oýnaýşydyr. Ol rowaýatda şeýle aýdylýar. Gadymy zamanlarda Baba Gammar kädä sap, edip oňa hem tar dakyp, onda owaz döredipdir. Ol at bakyp ýören ýerlerinde ony çalar eken. Şol günden başlap tarly tamdyra döräpdir diýip rowaýatda gürrüň berilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň “Görogly” şadessany, “Küştdepdi aýdym we tans dessury” hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. Bu halkara tor dünýä şäherleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça halkara tejribeleri alyşmak maksady blen, 2004-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda 180 şäheri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan resminamalary ÝUNESKO guramasyna ibermek teklip edilýär. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň şol sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz-çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama bu guramanyň sekreteriaty tarapyndan hasaba alyndy. Şol hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökemetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer-daşary işler ministri R.Meredow 16-njy oktýabrdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.
Bellenilişi ýaly, köpýyllyk özara gatnaşyklaryň netijesinde ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindänýä mirasynyň sanawyna girizildi. Dutaryň göwresi üçin agaç tegeleklenip, içi boşadylýar we tekizlenýär. Dutaryň göwresiniň çyglylygyny aýyrmak üçin ol 24 sagatlap tamdyrda guradylýar. Soňra ol sapa ýelmenilýär. Ahyrynda guralyň göwresi, sapy we kirişleri birigip saz berýär.
Dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegiu bolup, türkmen aýdym-sazynyň we bagşyçylyk sungatynyň esasy bölegidir. Türkmenistanda dutar sazy dürli baýramçylyklarda we çärelerde diňlenilýär diýip, beýanatda aýdylýar. 2
019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen haly önümçiligi sungaty hem goşuldy.
ÝUNESKO dünýädäki möhüm maddy däl medeni miraslary has gowy gowy goramak we olaryň ähmiýetine ünsi çekmek maksady bilen 2008-nji ýylda maddy däl medeni mirasynyň sanawyny döretdi.
Dutar ýasamak senetçiligi gutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada ÝUNESKO çarşenbe güni yglan etdi.
Bu karar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara toparynyň 16-njy mejlisinde kabul edildi. Bu mejlis 13-18-nji dekabr aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýär.
II.Türkmen dutarynyň tebigaty we ýerine ýetirýän wezipesi.
“Dutar türkmen saz sungatynyň esasy guraly we aýdym-saz sungatydyr. Dutar uzyn saply, tut agajyndan ýasalýan kädiden durýan, barmakda çirtilip kakylyp çalynýan 2 sany kirişli saz guralydyr. Dutaryň kädisi we gapagy tut agajyndan, onuň sapy bolsa erik agajynyň şahasyndan ýasalýar” diýlip, ÝUNESKO-nyň saýtynda aýdylýar.
Dutaryň kirişi 1930-1933-nji ýyllara çenli çig ýüpekden işip edilýärdi. Soňra ol inçejik simden edilip başlanýar. Dutaryň kirişleri kwarta düzülýär. Dutar ýekelikde çalmak, şeýle hem bagşynyň aýdymyna sazandalyk etmek üçin ulanylýar. Onuň diapozony “mi”-kiçi oktawadan, “do”-ikinji okawa çenlidir. Emma ol adatça ýazylan notadan bir oktawa aşakda ýaňlanýar. Dutar hem, gyjak ýaly, tarly saz guralydyr.
Netijede dutardan uly orkestr düzüldi. Häzir türkmen dutarynyň ululy-kiçili görnüşleri bar. Onun inçe ses berýän görnüşine prima, oňa görä ýogyn seslisine alt, has ýogyn ses berýänine bolsa bas dutar diýlip at berilýär.
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi.
Bu çözgüt Guramanyň Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýän 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berlen hödürnama gutarnykly seljermeden geçdi we bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň sanawyny artdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin gymmatly bolan dessurlar we özboluşlu aýratynlyklaryň görnüşleri Maddy däl medeni mirasyň bütindünýä sanawyna girizilýär. Asyrlaryň dowamyndan bäri dutar, türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-sazynyň esasy žanrlarynyň ählisinde ulanylýandyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserinde dutaryň aýratynlygyny açyp görkezmek bilen, “ Häzir, syýasy nukdaýnazardan çylşyrymly döwürde biz dünýä ýüzünde “Sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa, ýaragdan rüstem gelýär” diýen düşünjäni aňynda berkiden millet hökmünde çykyş edýäris. Hut şonuň üçin men “Bitaraplyk” diýenimde, gözlerimiň alnynda Şükür bagşynyň eli dutarly keşbi janlanýar”, diýip beýan edýär. –sazandalara aýratyn sarpa goýupdyrlar. Bagşylaryň gazanan abraý derejesinind e eline düşen tut agajyny janlandyryp owaz berýän dutar ussalarynyň hem paýy az däl.
Türkmen saz guraly diýlende aklymyza ilki bilen dutar geler. Türkmenistanyň aýdym-saz dünýäsinde iň bilinen we ýörgünli saz gurallaryň biride dutardyr.
Dutar diňe bir Türkmenistanda däl, Merkezi Aziýada dürli halklaryň arasynda, ýörgünli saz gurallaryndan biride dutardyr.
Dutar, Türkmen tanalmana başlany bäri halk sungatydyr. Dutar taryhdan bbu günümize çenli ýörgünli saz guraly bolup gahrymançylyk söweşleri, gaýduwsyz göreşlerini, batyr şirlerini bize beýan edýär.
Dutar görüşi üç bölekden ybaratdyr. 1-nji bölege kädi, 2-nji bölege sap, 3-nji bölege bolsa gapak diýilýär. Dutaryň kädi bölegi tut agaçdan ussalaryň öz usullaryna görä uly ýa-da kiçi edip ýasaýarlar. Dutaryň sap bölegi bolsa erik agajyndan ýasalýar. Bu bölekleriň ikisi-de agajyň ortasyndan kesilip ýasalýar. Dutaryň ulardan başga dutaryň iki sany kirişi we 13 sany perdesi bardyr.
Dutaryň göwresini ýasamak üçin agaç tegeleklenip, içi boşadylýar we tekizlenýär. Dutaryň göwresiniň çyklylygyny aýyrmak üçin ol 24 sagatlap tamdyrda guradylýar. Soňra ol sapa ýelmenilýär. Ahyrynda guralyň göwresi sapy we kirişleri birigip saz berýär.
Dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, türkmen aýdym-sazynyň we bagşyçylyk sungatynyň esasy bölegidir. Türkmenistanda dutar sazy dürli baýramçylyklarda, dabaralarda, jemgyýetçilik ýygnanyşmalarynda we çärelerde diňlenilýär.
Aslynda, dutar türkmen ilinde her bir ohagyň bezegi her bir maşgalanyň ruhy syrdaşy. Bagtyýar maşgala ojaklarynyň dulunda söýelgi dutara gözüň düşende, göwün guşuň biygtyýar ganat kakýar. Häzirki döwürde türkmen dutarynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýym-sazlar ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar durmuşymyzyň nurana bezegimize öwrülýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýatlarynda hereket edýänsungat mekdeplerinde ýaş nesilleriň dutarda saz-çalmagy, aýdymlary aýtmagy uly höwes bilen öwrenmekleri, bu jadyly senede yhlas etmekleri has-da guwançly. Munuň özi ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleriniň kalbynda dutara aýdym-saza uly sögüniň bardygyny, olaryň ata – baba dowam edip gelýän milli sungata sarpasynyň uludygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda dutar ýasamak senetçiligi bilen yzygiderli meşgullanýan ussalara “Çeper döredijiliginiň halk ussasy” diýen adyň dakylmagy, şu ýyldan başlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň “türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýola goýulmagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dutar saz guralymyzyň sarpasynyň barha belende göterilýändigini aýdyň subuit edýär.
Dutary parahatçylykly döwrüň, asuda günleriň toý-märekesinde çalsaň, diňleseň täsiri başgaça bolýar. Ol göwünleri gakyndyrýar. Türkmenistanyň medeniýet işgärleri rowaýata öwrülen şahslar-milli saz gurallaryna ussatlyk bilen erk edýän bagşylar we dessançylar hakynda öz döredijilikleri arkaly gürrüň berip geldiler. Halkymyzyň köp asyrlyk aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan dutar, gadymy döwürlerden bäri halk aýdymçylarynyň sazyny ýetiripdir.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow yň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda, dutara bagyşlanan bapda saz guralynyň döreýşi barada bir rowaýat bar:
“Rowaýata görä, halyf Alynyň atbakary bolan Baba Gammar ilkinji dutary ýasapdyr, Ýöne ol ses bermändir. Şonda Baba Gammar şeýtanyň maslahaty bilen dutaryň sapynyň kirişleriň gulakdan gaýdýan ýerini bogup, oňa “eşek goýupdyr. Saz guraly misli jennet owazlary çykaryp, saýrap ugrapdyr. Şondan bwäri, dutaryň gulaklarynyň aşak ýanynda goýulýan gerişjagaza “şeýtan eşegi” diýlip at goýlupdyr”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimizň pähim parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine çykyp, ynamly ösýär. Dünýä döwletleriniň ykdysady çökgünlik bilen ýüzbe – ýüz bolup, kynçylygy başdan geçirýär. Döwründe hem biziň eziz Watanymyzyň ykdysady gadamynyň batly bolmagy bizde kanagatlanmak duýgusyny oýarýar.
Ýurdumyzyň medeni durmuşynda hem uly öňegidişlik bolup geçýär. Şoňa laýyklykda milli medeni mirasymyz çuňňur öwrenilýär we ol dünýä ýaýylýar. Şu günler ady aýratyn buýsanç bilen milli buýsanç biolen tutulýan ajaýyp dutarymyz barada hem aýtmak bolar. Gamyşgulak bedew atlarymyz, dünýä belli halylarymyz, alabaý itlerimiz bilen bir hatarda türkmen dutary hem biziň milli buýsanjymyzdyr. Gara gazma adyny alan türkmen dutary göräýmäge iki tarly, ýönekeý bir saz guraly ýaly bolup görünýär. Ýöne asyrlardan, asyrlara aşyp gelen taryhyny yzlasaň welin, dutaryň adamzat durmuşynyň juda irki döwürlerinde esaslandyrylyp bu günki günde dünýäniň iň naýbaşy saz gurallary bilen bäsleşýändiigini ýakymly duýgy bilen ýatlamak bolar.
Türkmen halky özüniň bütin ýaşaýşyny – şatlygyny, gaýgysyny, buýsanjyny, guwanjyny gara gazmasyna siňdirip, ony hemişe saýradyp gelipdir. Umuman türkmeni dutarsyz, dutary türkmensiz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Şeýle bolansoň , türkmen özüniň halk döredijiligini bütinleýin diýen ýaly dutar bilen, aýdym aýdyp, saz çalyp, bagşyçylyk etmek bilen baglanyşdyrypdyr. Bu babatda “Görogly” şadessanynyň, “Nejepoglan” dessanynyň we beýleki dessanlarymyzyň hemmesiniň aýdym-saz, dutar bilen baglydygy köp zatlardan habar berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dutaryň şan-şöhraty hasam arşa galdy. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi tutuş türkmen halkynyň kalbyna uly buýsanç bolup doldy. Gör ahyry, dutar indi bütin adamzadyň gymmatlygyna öwrüldi.
Şabram şelpeleriň, şirwan perdeleriň joşgunly owazlaryna köňül beren türkmen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde dutar saz guralymyzyň özboluşly orny bar. Ençeme asyrlara uzap gidýän şöhratly taryhynda merdana ulus-ilimiz gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüpdir. Türkmen ilinde tutulýan her bir toýda dutarda ýaňlanýab mukamlar adamlary watansöýerlige, ynsanperwerlige, agzybirlige ündäpdir, nesilleriň kalbynda ýagşy-gylyk häsiýetleri kemala getirmegiň mekdebine öwrülipdir. Agzybir halkynmyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda orun alan behişdi bedewleri, alabaýlary, nepis halylary, şaý-sepleri ýaly milli gymmatlyklary bilen bir hatarda, dutar saz guraly hem türkmen topragyny dünýä ýaýýan buýsanjydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dutar saz guralymyza goýulýan hormat-sarpa has-0da belende göterilip, dutar mukamlary bedew batly döwletli diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetlilige esaslanýan ýol-ýörelgeleriniň belent waspyna öwrülýär, dünýä ýüzünde goňden ýaň salýar.
1.G.Berdimuhamedow “Medeniýet halkyň kalbydyr” .Aşgabat,Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 220-nji sahypa
2.Ibn wadin al-Ýakuby - ХI-asyr arap geografiýaçysy
3. Arheologiýa SSSR.M-1972. I-tom. 182-nji sah
Ata-babalary ozal çarwaçylyk bilen meşgul bolan halklaryň hemmesinde diýen ýaly özüniň saz gurallary bar. Gurluşy, ýeňilligi ýa-da agyrlygy bilen, görer göze ýakymlylygy ýa-da bişekilligi bilen biri-birinden tapawutlanýar diýäýmeseň, ýer ýüzündäki halklaryň ählisinde diýen ýaly milli saz gurallary bar. Dörediji türkmen halkynyň sungat derejesinde oýlap tapan saz gurallary bolmaly. Şeýle-de türkmenler ýaşap, ömür süren mukaddes ojagyny - öýüniň gurluşyny, içini-daşyny gözel bezemekligi başarypdyr.Gadymy ak öýlerimiziň bezegi hakda gürrüň gidende bada-bat türkmen zenanynyň el hünäri göz öňüňe gelýär. Negözel gelinleriň elinden çykyp ak öýüň täriminden asylan haly çuwallar torbalar we ýene-ýene ownuk-uşak ýüplerdir bilguşaklar öz nepisligi bilen nazaryňda uzak eglenýär.
Millet jemgyýetden ybaratdyr, jemgyýetiň esasy daýanjy bolsa maşgaladyr. Jemgyýetiň ahlak, ruhy we edep kämilligi-de maşgalanyň kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklajak bolsaň, maşgalany sagdyn we arassa saklamaly.
Biz şu ylmy işimizde türkmen dutaryny we onuň bezelişini önümlerini öwrenmekligi maksat edindik. Şeýle-de ol öýüň ähli goş-golamynyň baglanyşygynyň sungat derejesindäki ähmiýetini ilkinji gezek sungat öwrenijilik taýdan öwrenmekligi, öz öňümizde maksat edindik. Şeýle-de türkmen öýleriniň gelip çykyşy, gurnalyş usullary, saglygy dikeldijilik ähmiýeti, öý barasyndaky atalar sözleridir rowaýatlar, içki bezegleri barasynda şol öýlerde ýaşan ýaşuly nesillerdir, öý gurnaýan ussalar bilen söhbetdeşlik guraldy.
Meselem: Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjylary öý hojalykçy zenan Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen, harazçy Salyhow Aşyr bilen, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýöleten etrabyň “Milli miras” muzeýiniň direktory, mirasgär Esenow Atageldi bilen, hem-de şoletrabynyň ýaşaýjysy Aksoltan Meretjik bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Ilkinji türkmen dutarlary, olaryň görnüşleri we taryhy ýoly barada etnograf* A.Jykyýewiň “Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана“ atly kitabynda maglumatlar berilýär.
1. Джикиев А. Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана. A., 1977 стр. 87
2. “Edebiýat we sungat” gazeti, 2013-nji ýylyň 9-njy ýanwary
Şeýle-de, ajaýyp türkmen dutarynyň we saz gurallarynyň we haly önümleriniň dünýewi we häzirki zaman dünýä medeniýetinde tutýan orny hem-de onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde taryhy medeniýetimiziň ýitip gitmezligi, medeni dynç alyş ýerlerde, toý baýramçylyklarda görülmez gudrata eýe edip dikeltmelidigi barasyndaky pikir öňe sürülýär.
III.Türkmen dutarynyň dürli görnüşleri, gurluşy we bezelişi
Türkmen dutary öz gözbaşyny Oguz han Türkmeniň eýýamyndan alyp gaýdyp, onuň bäş müň ýyla golaý ýaşy bardyr.
Emma alymlar A. Jykyýewiň, A. Orazowyň maglumatlaryna görä, biziň ata-babalarymyz 6-8 müň ýyl mundan ozal medeni ýaşaýşa aýak basypdyrlar. Ýewraziýanyň we demirgazyk Afrikanyň ümmülmez giňişliklerinde adamlar has irki döwürlerde mal yzynda gezipdirler. Çarwa durmuş, ýerli howa şertleri gurnama çadyrlaryň, öýleriň edinmegini talap edipdir. Şeýle öýler Merkezi Aziýada, Altaýda-da peýda bolupdyr. Miladydan öňki V asyrda ýaşan grek taryhçysy Gerodot öz ýazgylarynda çarwaçylykda ýaşaýan skifleriň* özboluşlu saz gurallarynyň bolandygyny ýatlaýar.
Türkmenistanyň araçäginde 6-8 müň yyl mundan ozal ýaşaýyş öýleriniň we saz gurallarynyň bolandygyna güwä geçýän taryhy subutnamalar bar. Şeýle saz gurallarynyň has gadymy görnüşi töwerek şekilinde bolup, daşdan gurlupdyr. Soňra ol öýler kämilleşdirilipdir, töwerekleýin sütünli öýler döräpdir. Ekerançylygyň döremegi bilen oturymly ýaşaýyş peýda bolupdyr. Bu bolsa birnäçe öýüň bir ýerde jemlenmegine getiripdir. Şeýle hem tegelek saz gurallaryny ýasamak Aziýa halklaryna mahsus bolup, onuň tegelek bolmagy şu pany dünýäniň yzy üzülmeýän çarhy-pelek ýaly gutarnyksyzlygy bilen baglanyşyklydyr hem-de öýüň burçlaryna adam göz dikip otursa onuň dünýäsi daralýar. Tegeleklik bolsa tükeniksizligi aňladýar. Adamyň gan basyşyny rahatlandyrýar. Tegelek tüýnükden, serpigi* açyk asmandaky ýyldyzlara seredip uka batan adamlar iň bagtly adamlar hasaplanypdyr. Öýüň burçsuz-aýlawly edip gurulmagy onuň ýele durumlylygyny üpjünleýär. Onuň ähli peýdaly perimetrlerini artdyrýar. Ýapon hünärmenleri indi aýlawly gurluşa uly umyt bilen barylýandygyny nygtaýarlar. Orta Aziýa gap-gaçlarynda öýüň tüýnügine meňzeş bolan ýyldyz belgileri türkmen gurnama öýleriniň gümmezlerinde indi tüýnügiň hem ulanylyp başlanandygyny görkezýär.
Altaýdan 2500 ýyl ozal dokalan dünýä belli pazyryk halysy tapylýar. Haly bolan ýerde öý hem hökman bolaýmaly. Altaýdan tapylan haly gurnama öýüň bezegi bolup hyzmat edipdir. Gerodot bolsa skiflerde ýyndam atlaryň, ok-ýaýlaryň we düýelere bökderilen gurnama öýüň bolanlygyny hem ýatlaýar.1 Gerodotyň şeýle habarlaryny şol döwürlerde ýaşap geçen ýunanystanly (grek) Fukidiniň, taryhçy Polieniň , rumly Grogyň sene ýazgylarynda-da görmek bolýar. Çarwa türkmenler mydama düýelere bökderilgi gurnama öý serişdelerini, onuň içinde asylgy türkmen dutarlaryny göçülende ýany bilen äkidilipdir.
Türkmen dutarynyň Merkezi Aziýada, Altaýda, Hytaý bilen goňşuçylykda oturan türki dilli halkyýetler we taýpalar bolan hunlaryň çarwa ýaşaýyş durmuşy bilen bagly bolupdyr. Çarwadarlaryň durmuşy we olaryň saz gurallary barada gadymy hytaý ýazgy çeşmelerinde hem ýatlanylýar, dürli halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr.
1. Народы Средней Азии и Казахстана. М., 1963.
2. 15.09.2021 ýylda Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, 77 ýaşly Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen alnyp barylan söhbetdeşlikden.
Geçen asyrlarda dürli sebäpler bilen biziň topragymyzda bolup giden alymlar, syýasatçylar, harby işgärler halkymyzyň milli aňratynlyklary barada gürrüň edenlerinde türkmen öýi hakynda-da ýatlaýarlar hem-de öz bellikdir ýazgylarynda gadymy türkmen öýüne uly sungat hökmünde baha berýärler.
Obanyň gurluşy we ýaşaýyş jaýlaryň görnüşleri, belli bir derejede, halkyň maddy medeniýetiniň ösüş derejesiniň we durmuş ýagdaýyny şöhlelendirýär. Dürli tebigy-klimat zonalary öz içine alýan Türkmenistanyň ümmülmez giňişliklerinde halkyň durmuş keşbiniň, hojalygyň we ýerleriň relefleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda oba gurluşynyň we ýaşaýyş jaýlaryň dürli görnüşlerine gabat gelinýär. XX asyryň başlarynda dagynlyk we topbak-tpbak bolup oturan obalar, esasan, derýalaryň we çeşmelriň ýakasynda, çölde bolsa süýji suwly guýularyň töwereginde jemlenipdirler. Arheologlaryň netijeli işleri bu etraplarda ýerli ilat tarapyndan ençeme asyrlaryň dowamynda ägirt uly binagärçilik toplumy, uly şäher we oba etrap merkezleriniň, jemgyýetçilik we dini jaýlaryň döredilendiginiň mälim etdiler. Ýazuw çeşmeleriniň maglumatlary boýunça, orta asyrlarda bu ýerde soňra türkmen halkynyň düzümine goşulyp giňden türki we pars dilli ilat ýaşapdyr. 1
Türkmen halkynyň çarwa we ýarym oturymly usulda hojalyk alyp baran toparlary, XVIII - XIX asyryň taryhy şertlerine laýylykda, ýaşaýyş jaýlarynyň düýpli oturymly görnüşlerini döredip bilmändirler. Olar, esasan, öýlerde we göçürmäge amatly beýleki ýaşaýyş jaýlarda ýaşapdyrlar. Saragt we Ýolöten oazisleriniň ilaty-da türkmenleriň şeýle toparyna degişli bolupdyr. Olar XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynada çarwa durmuşynyň däplerini saklapdyrlar. Oňa oazisleriň ýerleriniň gurluşy, tekizligi we tebigy päsgelçilikleriň ýoklugy netijesinde, XVIII- XIX asyrlarda bu ýerlerde harby çaknyşyklaryň bolup durmagy-da täsir edipdir. Mysal üçin, diňe bir ýarym asyryň dowamynda, ýagny 1830-1880-nji ýyllar aralygynda oazisleriň ilaty göçme häsiýetli jaýlarda ýaşasalar-da, daşky duşmandan goranmak maksady bilen, obalaryň merkezlerinde galalar hem salypdyrlar we howply pursatlarda şolarda gizlenipdirler. XIX asyrda we XX asyryň başlarynda Günorta-Gündogar Türkmenistanda has giňden ýaýran ýaşaýyş jaýy kepbe-çatma bolupdyr. Ony gurmak üçin Murgap we Tejen derýalarynda köp bitýän ýerli çig mallary - toraňňyny, ýylgyny, gamyş, hyşany ulanypdyrlar. Kepbäni ýerli ilatyň uly ýaşly erkek adamlarynyň hemmesi diýen ýaly gurup bilipdir. Ýowar çagyryp, çatma toparyň güýji bilen hem gurupdyrlar. Bir ýurtdan başga ýere mejbury göçmeli bolnanda çatmany onçakly gynanmazdan taşlap gidipdirler, sebäbi onuň gurluşygy üçin kän azap çekilmändir.
1. Berdimuhamedow G., “Paýhas çeşmesi” kitaby, A; 2015ý, 107-nji sahypa
1. Berdimuhamedow G., “Medeni miras – dünýäniň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhyny öwrenmegiň çeşmesi” atly Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara (14.03.2008ý.)
1. 15.09.2021 ýylda Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, 77 ýaşly Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen alnyp barylan söhbetdeşlikden.
Şeýlelikde, öýe girip, saga ýöräberseň çuwallar özleriniň dokundyryjy görnüşleri bilen özüne çekýär.
1. 15.09.2021 ýylda Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, 77 ýaşly Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen alnyp barylan söhbetdeşlikden.
Türkmen öýüniň içinde asylan torbanyň merkezi nagyşy ak hem gyzyl reňklerde çitilipdir. Merkezi nagyşyň sudury goňur, gyzyl we ak reňkli gyrasy kertik üç burçluklardan düzülýär. Goňur zolaklardan alaja nagyşy geçýär. Her nagyş üçburçluklardan ybarat. Üç burçluklar öz häsiýeti boýunça basgançakly piramidany ýatladýar. Üýburçlugyň (piramidanyň) merkezinde geometrik görnüşli ojak ýerleşýär. Ojagyň içinden tüsse çykýar, ot - tüsse aýlawly nagyşlar bilen piramidanyň depesinden çykýar. Arheolog W.Masson tarapyndan Altyn depeden tapylan ybadathananyň basgançaklary gyzyl, ak we akreňklere boýalypdyr. Bürünç asyryna degişli basgançakly ybadathanada mukaddes ot ýakylypdyr. Ukujydaky görkezilen basgançakly üçburçluklar hem edil şoniň ýaly reňklenipdir. Merkezi nagyşyň ýokarky we aşaky bölegi tolkun nagyşlary bilen ýa-da uçlary towly egrem bugramly nagyş (meandr) gönüşli örtülýär. Bu nagyşlaryň merjkezinde ak, akwe gyzyl reňkli sepleşen üç burçluklary ýerleşýär. Eniolit döwrüne degişli gap-gaçlarda hem edil şonuň ýaly bir-biri bilen sepleşýän üç burçluklaryň setiri şekillendirlipdir. Ukujynyň düýbi türkmen öýüniň başyny hem ýatladýar. Onuň ýüzündäki alaja nagyşlar üç burçluk görnüşli örülýär. Nagyşyň häsiýeti gümmezli jaýlaryň kerpiç örülişini ýatladýar. Ukujynyň düýbüne reňkli gotazlar berkidilipdir. Giň ýaýran haly önümleri bolan torbalaryň, horjunlaryň, çuwallaryň uly çeperçilik ähmiýeti bar. Ukujynyň ýanyndan öýüň törüne tarap gözüňi aýlanyňda öýe gelşik berip duran „gyzyl çuwala“ gözüň düşýär. Ol „art bagşa“ ýetmenkäň, gurama sallançagyň ýanynda ýerleşýär. 1
1. Материалы по исторической этнографии туркмен. А; 1987. cтр 47
Çuwallar - iki tarapyndan ýüp tikilen uly halta görnüşli öý goşy, geýim saklanýan haly gapdyr. Ulanylyşyna laýyklykda çuwallar birnäçe görnüşe bölünýär. Ýagny olara: haly, çuwal, ak çuwal, gyzyl çuwal, argyş çuwal, artmak, ak garçyn çuwal, çybyk çuwal, sarma çuwal degişlidir. Haly çuwal dürli reňklerden bolan ýüplerden haly ýaly ýa-da ondanda has inçe we nepis dokalypdyr. Şeýlede haly çuwala haly salynýan göller salnypdyr. Şonuň bilen birlikde-de haly çuwalyň hem bugdaý salynýan görnüşi bolupdyr. Göçümde ol öýüň ähli maýda goşlarynyň ählisini ýygnapdyr, şol durşuna düýä ýüklenipdir.
Gyzyl çuwal - düşegi gyzyl kakma bolup, käýerinden zolak nagyş geçýän çuwalyň bir görnüşi. Oňa aýal maşgalalar geýim-gejimlerini salypdyrlar.
Ak çuwallar - çitimli nagyşly zolaklaryň çitimsiz ak palas ýerliginiň ýüzünde ýerleşdirilýändigi bilen haly çuwallardan tapawutlanýar. Gyzyl çuwallarda bolsa çitimli nagyşly zolaklar gyzyl çitimsiz palas ýerligiň ýüzüne salynýar. Bu çuwallaryň ulanylşy haly çuwallaryňka meňzeş. Seýrek öýdümli dokalan palas çuwallar hem duş gelýär. Çuwallar ak öýlere beýleki öý goşlary bilen sazlaşyp, utgaşyp ajaýyp görk berýär. „Kyrk sargy“ nagyşly ýomut çuwalynyň merkezi nagyşy bäş setirden ybarat bolupdyr. Onuň içinde ýigrimi sany nagyş ýerleşýär. Nagyş setirleriň gyrasy uşak haç nagyşlar bilen örtülýär. Kiçi haç nagyşynyň arasynda gaňrak nagyşy geçýär. Merkezi meýdanyň dört tarapy tolkun nagyşlar bilen gurşalýar. Tolkun nagyşlaryň merkezinde tegbent görnüşli nagyşlar salynan. Çuwalyň aşaky böleginde guşlaryň keşbini aňladýan alty sany nyşan ýerleşýär. Her nyşanyň alty ganaty bar. Şonuň ýaly nyşanlar gadymy oguzlaryň Orhon-ýeniseý ýazgylarynda hem duş gelýär, hem-de Wolga derýasynyň çäginde ýerleşýän çöllerden tapylan daşdan ýasalan ýadygärliklerden görmek bolýar. Çuwalyň nagyşlaryna meňzeş şekiller 1947-1950-nji ýyllarda Altaýdan tapylan mazarlaryň içindäki amaly-haşam önümlerinde duş gelýär. „Tegbent“ nagyşly teke ak çuwaly üç sany gyzyl, biri-birinden aýry gyzyl zolaklardan ybarat. Olaryň arasynda tarada dokalan inçe ak zolaklar ýerleşýär. Üç sany ak zolagyň tekizligi boş meýdandan ybarat. Onuň ýüzüne nagyş salynmaýar. Tegbent nagyşynyň aşagynda gyzyl nagyşly ak zolak berkidilýär. Ak ýerligiň ýüzünde gadymy Oguzlaryň nyşany bolan iki kelle bürgüdi aňladýan tagmasy çitilipdir. Bürgütleriň nyşanlary bäş setirden ybarat bolup, ak ýerligiň ýüzünde çylşyrymly şekilleri döredýär. Bürgütleriň şekilleriniň ýokarky setirinde atanak nagyşlar salynypdyr. Türkmenistanyň çäginde tapylan atanak şekiller biziň eýýamymyzdan öň üçünji müň ýyllyga degişlidir. Atanak nagyşlar küýzegärçilik sungatynda hem-de daşdan ýasalan önümlerde duş gelýär. Meselem: Türkmenistanyň Milli Muzeýinde saklanylýan daşdan ýasalan küýze önümleriniň ýüzünde atanak nagyşlary çyzylypdyr.1 Bu çuwalyň seçekleri ak reňkli bolup, olar gysgadyr. Bu ak çuwalda haly dokmaçylygynyň we tara dokmaçylygynyň usullary sazlaşykly ulanylýar. Çuwallaryň başga görnüşlerinde köplenç diňe haly dokmaçylygynyň usulary we nusgawy göl salynmagynyň kanunlaryny ulanýarlar. Çuwallarda ulanylýan nagyşlar we göller halylaryň taslamasyny gaýtalaýar. Ýöne çuwallaryň aşaky bileginde aýratyn taslama boýunça özboluşly nagyşlar salynýar. Nagyşlaryň nepisligi, reňk çözgüdiniň (kolorotiniň) owadanlygy sebäpli, torbalar öýüň umumy bezeginiň ajaýyp bir bölegi bolup durýar.
1. Berdimuhamedow G., “Janly rowaýat” A; 2015ý
1. Halaçly halyçy zenan Şemşat Gullyýewanyň maglumatlaryndan (Pelwert obasynyň ýaşaýjysy)
1. Aşyrberdiýewa O., “Düýp halym- tör halym” “Zenan kalby” žurnaly, 2017ý, iýuny
1. Gadymy oguz oýunlary Galkynyş gazeti, 1999ý. 15-nji sentýabry
17. Tüýnik ýüpi – dürli ýüpden owadan edilip örülip, tüýnügiň çagarygyndan
Türkmen dutarynyň örän baý senetçilik toplumynyň bardygyna ýokarda görkezilen maglumatlar aýdyň subutnama bolup durýar. Halkyň milli däpleriniň, medeniýetiniň has-da öý gurluşygynda aç-açan ýüze çykmagy taryhy hakykatdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine hormat goýmak, ony ylmy taýdan öwrenmek we täze nesliň hakydasyna ýazmak ýaly döwrebap talaplar biziň, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup, durmuşa ornaşdyrylýar.
Halkymyzyň taryhy baý we gözeldir. Ol gözelligi biz türkmenleriň ýazlak üçin niýetläp döreden öýlerinde we halk döredijiliginiň amaly sungatlaryna siňen ylmy tapyndylarynda görýäris. Saz gurallary önümlerinde reňklere berilýän üns adam aklynyň çuňlugyny açyp görkezýär. Olar baradaky käbir täze döwrebap synlar şulardan ybaratdyr.Goňur reňk bir meňzeş tekizlige düşelende çuňňur uzaklaşýan duýguny berýär. Iki sany inedördül tekizlikde gök we gyzyl reňkleri biri – birine ýakyn goýlup görülende, olaryň birinjisi uzaklaşýan, ikinjisi ýakynlaşýan duýguny emele getirýär.1Reňkleriň, adamda ýakynlaşýan we uzaklaşýan joşgunly duýguly (emosional) täsirini şeýle daşdan görüjilik (perespektiwaly) reňkleriň üsti bilen görýäris: 1 - gyzyl: 2 – goňur: 3 – ýaşyl: 4 – gök : 5 – ak. Bu yzygiderli tertibiň şekillendirliş sungatynda orta asyrlarda tassyklanylmagyny beýik eserleriň üsti bilen bilýäris. Reňkler adamyň häsiýetine joşgunly täsir edip bilýär. Durmuşda adamlar öz reňk tagamlaryny: eserleriň, durmuş serişdeleriniň, ýaşaýan otaglarynyň we başga zatlarynyň üsti bilen özlerini açýarlar. Ýöne, “reňk bilen dost saýlanmaýar” diýen düşünje-de bar. Şekillendiriş sungatynda reňkler “ýyly” we “sowuk” , “ýeňil” we “agyr” , “sesli”, “öňe çykýan” we “daşlaşýan” diýen düşünjeleri suratkeşleriň döre dijiliginde ulanylýar.
1. Şekillendiriş sungatynyň we binagärligiň sintezi., A; 2020ý, 42-nji sahypa
Şeýlelikde-de, “ýumşak” we “gaty” diýen düşünjeler “sesli” we “gygyrmaýan” diýen düşünjeleriň manydaş sözleridir (sinonomidir). Goňur, ýeňil ýagtylykdaky gyzyl, gyzyl – mämişi “gygyrmaýan” reňkler toplumyna degişli. Suratkeşleriň gürrüňlerinde käbir reňklere “döwük” (lomanyň) diýen adalgalar bar. Olara örän öçügsi reňkler degişlidir (seriý). “Ýeňil” we “agyr” reňkler toplumyna, açyksy birinji, garamtyl olaryň ikinjisine degişlidir.
Reňkleriň adam duýgularyna dürli görnüşlerde täsiri bar. Ol ilki bilen adamynyň şähtini açýar, begenç duýgusyny oýarýar gaýgy, gorky, dynçlyk oýaryp bilýär, ikinjiden agramlyk , gyzgynlyk derejesi (temperatura) görk aýratynlyklary we şuňa meňzeşler. Şeýle-de reňkleriň nyşanlygy aýry - beýanly estetiki duýgulary, dünýägaraýşy täsirli emele getirýär.1
Türkmen dutarynyň estetiki täsirini naýbaşy eserleriň hatarynda goýmak gerekdir. Onuň çeperçilik, lukmançylyk, etnografiýa ýaly ençeme ugurlary jemläp, türkmen halkynyň çäksiz ylmy açyşlaryny döredýär. Şol, tas ýatdan çykarylan ylmy ýörelgeleri täzeden durmuşa geçirmek we milli sungat ýolumyzy galkyndyrmak wezipeleri biz, sungaty öwrenijileriň baş maksady bolup durýar.
Medeni mirasymyzy diňe bir ýüzleý öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem oňa öz täzeçilligimizi döredijilikli goşmalydyrys. Her bir önümi halka bähbitli görnüşde ulanylyşa berip, durmuşa ornaşdyrmalydyrys. Ylmy işiň esasy öňde goýan maksady türkmen dutarynyň ýokary sungat derejesinde bolmagyny subut etmekden ybaratdyr. Özüniň maksadyna ýetmek üçin birnäçe wezipeleri amal edip, taryhy we etnografik, şeýle-de sungaty öwreniş nukdaý nazaryndan talaba laýyk we döwrebap ylmy işi ýola goýmaga çalyşýar. Türkmen dutarynyň gurluşygy halkyň ruhy uýmalary bilen sazlaşyp, onuň içki-daşky bezeginiň tutuşlygyna öwrenmeklige çalyşyldy. Edebiýat çeşmelerinde türkmen dutarynyň gurluşygy baradaky maglumatlaryň üzül-kesil az bolmagy maňa birnäçe taryhçylar, senetçiler we sungat işgärleri bilen bolan maslahata iterdi. Gerekli serişdeleri, (habarnamalary) hem-de milli mirasymyzyň sahypalaryndaky türkmen dutarynyň barasyndaky edebiýatlary, muzeýlerdäki we ýerlerdäki dutarlar bilen içgin tanyşmak maňa ullakan lezzet berdi.
Men halkymyzyň taryhy ýaşaýyş şertlerini öwrenmäge çalyşdym, amaly-haşam sungatymyzyň görnüşlerini, türkmen el senediniň sungat derejesindäki önümlerini kesgitläp, dutar bilen baglanyşykly foto suratlary jemledim. Ylmy döredijilik işiniň täzeligini teklip edip, milli mirasymyzyň bir görnüşi bolan türkmen dutary barasyndaky öz öňe süren pikirimi beýan etmäge çalyşdym. Hakyky kada-kanuna laýyk edilip gurnalan hem bezelen türkmen dutary ýurdumyzyň saglygy dikeldiş öýlerinde, myhmanhanalarda, naharhanalarda, medeni dynç alyş öýlerinde, muzeýlerde, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde gurnamaklygy teklip edýärin. Türkmen dutary halkymyzyň geçen taryhynda ýöňkelen gara pikirleri ýok edip, päk we arassa mukaddes gymmatlyk hökmünde wagyz etmegi maksat edindim.
Medeni miras merkezlerimizde türkmen saz gurallary gurnalyp, okuwçylarymyza, talyplarymyza taryh derslerinde olar dogrusynda düşünje berilse, türkmeniň hakyky ruhy dünýäsi olaryň hakydasynda peýda bolardy.
1. Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy., A;2018ý, 71-nji sahypa
Türkmen dutary baradaky mukaddes maglumatlary ýaşlaryň eşidip, okap däl-de, eýsem görüp lezzet almaklaryny-da gazanmak derwaýys hasaplaýaryn. Biziň milli mirasymyzy ornaşdyrmak bolsa milli terbiýämiziň özenidir. Çünki türkmen halky şol öýlerde ösdi örňedi. Biziň özümiziň hem türkmen saz gurallaryny dünýädäki saz gurallarynyň iň ösen hem asyl nusgalarynyň biridigini bilmegimiz zerurdyr.
Türkmeniň milli saz gurallarynyň halk döredijiligine siňen ummasyz mähir-muhabbeti, ojak söýgüsi ata-babalarymyzyň hakydasynda Watan diýen düşünje bilen deň hatarda bolmaly. Olar mukaddes ojagyny goramak bilen ene topragyna bolan çäksiz söýgüsini ruhubelentlik we gaýduwsyzlyk häsiýetleri bilen amal edipdirler. Dutar mukaddesligi - ene hüwdüsinde, tä gojaman ömrüniň ahyryna çenli, türkmeniň toýy we ýasy, söýgüsi we ahmyry bilen dolup gymmatly ruhy hazynany döredip bilipdir.
Şeýle mukaddesligimizi öwrenmek bolsa, biz, ýaş nesliň ata-babalarymyza goýýan hormatydyr, çäksiz söýgüsidir.
Türkmen Halk döredijiliginde türkmen dutarynyň waspy
Bellikler:
1.Dutar hakyndaky nakyllar
1. Berdimuhamedow G., “Paýhas çeşmesi” kitaby, A; 2015ý
2.Dutar hakyndaky peder pähimleri:
1. Berdimuhamedow G., “Paýhas çeşmesi” kitaby, A; 2015ý.
1. Berdimuhamedow G., “Paýhas çeşmesi” kitaby, A; 2015ý.
Netije
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow,
“Türkmen halkynyň baý milli medeniýeti uzak taryhyň synagyndan geçip, sünnälenip, kämil görnüşde şu günki bagtyýar nesillerimize ýetirildi”1
Magtymguly Pyragynyň
“Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn”
-diýen arzuwly setirleri hakykata öwrülen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halky halk edýän milli däp-dessurlarymyzyň , türkmeniň milli mirasynyň dikeldilmegine ilkinji nobatda üns berildi. Biz şu taslama işimizde türkmeniň milli mirasynyň biri bolan milli türkmen dutary baradaky maglumatlary beýan etmäge synanyşdyk.Ýer ýüzündäki ähli ynsana mahsus bolan bu milli aýratynlyklaryny, taýýarlanyşyny, dutaryň gurluşyny, we bezelişini, bu ýagdaýyň diňe bir türkmenleriň däl,eýsäm türki halklarynyň birnäçesine mahsus bolan ummumylyklardygyny beýan etmäge çalyşdyk. Asyrlar geçse-de, özüniň milli mirasyny saklap galan,ony nesillerine ýetiren halk ýer ýüzünde az bolsa gerek. Pederlerimiziň bize goýan mirasy ençeme ýyldan bäri köpleri gyzyklandyryp gelýär.
Kalby gorly,ýüregi nurly halkymyzda arzylly myhmany serpaýlamak däbi bar.Daşary ýurtly myhmanlaryň Türkmenistandan alyp gidýän iň gowy “ýadygärlik sowgatlarynyň” biri hem öýüň bezegi - türkmen dutarydyr. Daşary ýurtly syýahatçylar ony uly höwes bilen satyn alyp,türkmen halkynyň milli däp-dessurynyň bir bölejigini öz ýanlary bilen alyp gidýärler. Bu zatlaryň ählisi müňýyllyklaryň dowamynda dörän türkmen milletiniň ruhy we maddy gymmatlyklarynyň dünýä derjesinde ösendiginiň şaýadydyr. Başynda telpegi,bilinde-de guşagy barka,türkmen gerçegi hiç wagt peselmändir.Bu häsiýet olara ata-babalarymyzdan geçipdir. Asly nurdan bolan türkmeniň nurana keşbine gözellik goşýan şeýle milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek, gurmak hem-de öwrenmek köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.
Häzirki zaman dünýäsinde adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döreden maddy hem-de ruhy mirasyny, köp öwüşginli milli medeniýet-lerini, medeni gymmatlyklaryny öwrenmeklige ägirt uly ähmiýet berilýär. Çünki umumadamzat medeniýeti, dünýä siwilizasiýasynyň gazananlary halklary ýakynlaşdyrýar, birek- biregi ýakyndan tanamaga mümkinçilik berýär, şunuň esasynda bolsa, ýer ýuzünde parahatçylyk berkidilýär, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.
Halk döredijiliginiň dilden-dile geçip, bize ýetişi ýaly, dutar we saz gurallaryny ýasamak biziň günlerimize çenli ýetip gelipdir. Olar diňe bir gymmatlyk däl, eýsem adamlaryň estetiki (gözellik) talaplaryny hem kanagatlandyrýar. Türkmeniň milli däp-dessurynyň,medeniýetiniň hak Howandary Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni,edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris.”
1.G.Berdimuhamedow “Medeniýet halkyň kalbydyr” .Aşgabat,Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 248-nji sahypa
“Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda” ata-babalarymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, toplamak, neşir etmek, medeni mirasymyza sarpa goýmak - olaryň ahlak ýörelgelerini ýaş nesle geçirmek barada giň mümkinçilikler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň pederlerimiziň baý mazmunly pelsepeleri, ahlak ýörelgeleri baradaky altyn hazynasyny halkymyza ýetirmek maksady bilen ýazan işleri ylmy jemgyýetde uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan türkmeniň milli dutaryny , ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini hemişe-de nusga edinmelidiris. Öz döwründe ahlak we ruhy kämilligiň baý-mazmunly pederlerimiziň mirasy ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam eder.
Etimologik sözlük
1. Ak çuwallar - çitimli nagyşly zolaklaryň çitimsiz ak palas ýerliginiň ýüzünde ýerleşdirilýändigi bilen haly çuwallardan tapawutlanýar. Gyzyl çuwallarda bolsa çitimli nagyşly zolaklar gyzyl çitimsiz palas ýerligiň ýüzüne salynýar.
2. Çomry – otyrymly we ekerançylyk bilen meşgul bolmaklyk.
3. Çuwallar - iki tarapyndan ýüp tikilen uly halta görnüşli öý goşy, geýim saklanýan haly gapdyr.
4. Döwür – Jemgyýetiň taryhynda bolup geçýän wakany,hadysany,taryhy aýratynlygy we ş.m. öz içine alýan uzak wagt aralygy.
5. Etnografiýa – halkyň maddy we ruhy medeniýetini öwrenýän ylym
6. Etnologiýa – grekçeden “etnos” – halk,”logos”-ylym, halkyň etniki prosesini öwrenýän ylym
7. Ezber - öz işine ökde,iş başarjaň,erjel.
8. Gülli ýüp – öýüň ugunyň daşyndan aýlanýan (düzi ýüpüniň daşyndan) ýüzi nagyşly, dokama inli ýüp;
9. Gyzyl çuwal - düşegi gyzyl kakma bolup, käýerinden zolak nagyş geçýän çuwalyň bir görnüşi. Oňa aýal maşgalalar geýim-gejimlerini salypdyrlar.
10. Gyzyl golaň – öýüň biline aýlanýan, insizräk dokalan gyzyl ýüp (öýüň bil bagy);
11. Hünärmentçilik – hünäriň hünärmendiň käri,ýagdaýy.
12. Medeniýet – adamzadyň önümçilikde,jemgyýetçilik we ruhy durmuşynda aň-düşünjelik bilen gazanan üstünlikleriniň jemi.
13. Medeniýet öýi – her hili medeni köpçülik çäreleri,işleri geçirilýän ýörite jaý
14. Monografiýa – gerek sözi “mono”-bir,ýeketäk we “grafos” ýazmak, beli bir temany öwrenýän kitap ýa-da ylmy iş.
15. Senetçilik – bir senet bilen meşşgullanmak,hünärmentçili.
16. Siwilizasiýa – jemgyýetçilik ösüşiniň we maddy-ruhy medeniýetiň ol ýa beýleki sosial-syýasy formasiýa häsiýetli basgançagy.
17. Skif - b.e.öňki VIII asyrdan -b.e. IV asyra çenli ýaşap geçen gadymy eýran dilli hlaklaryň biri.
18. Sungat – Başarnygy,ussatlygy talap edýän inçe el işi.
19. Tälim – bir käriň,hünäriň syrlaryny ele almak ugrundaky okuw,terbiýe, görelde.
20. Ukujy - süýnmek göwrümli seçek bilen gutarýan haly örtükdir. Ukujy çitimli we çitimsiz bolup, ownuk nagyş salynýar. Oňa başgaça „uksalyk“ hem diýilýär.
21. Jadylaýjy – Jady ediji, göz, gözbagçy.
22. Jümmüş- Bir ýeriň ortasy, märekäniň arasy; içi ýa-da bir zadyň merkezi, bol ýeri
23. Ýadygärlik – ýatdan çykarmazlyk üçin, ýatlap durar ýaly birine berlen zat, galan nyşan
24. Mekan – Ýaşalýan ýer, ýurt, watan.
25. Ýaýbaňlandyrmak – Işi giň möçberde alyp barmak, ýokary derejede ösdürmek, gerimini artdyrmak
26. Hajat – durmuşyň, ýaşaýşyň talabyna laýyklykda gerek bolan zat, zerurlyk.
27. Tara – öý şertlerinde ýüpek, nah mata dokamak üçin gadymadn bäri ulanylýan dokmaçylyk guraly.
28. Çadyr - ygaldan, sowukdan we ş.m. goranmak üçin galyň matadan tutulýan wagtlaýyn jaý.
Peýdalanylan edebiýatlar:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. “ Ömrümiň manysy”. Aşgabat, 2022 ýyl
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. “ Garaşsyzlyk-bagtymyz”. Aşgabat, 2021 ýyl
3. Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”. Aşgabat, 2020 ýyl
4. Gurbanguly Berdimuhamedow. “Türkmen medeniýeti”. Aşgabat. 2015 ýyl
5. Gurbanguly Berdimuhamedow.Medeniýet halkyň kalbydyr.Aşgabat,2014 ýyl
6. Gurbanguly Berdimuhamedow.Döwlet guşy.Aşgabat,2014 ýyl
7. Gurbanguly Berdimuhamedow.Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Aşgabat, 2007 ýyl.
8. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary. Aşgabat, 2007 ýyl.
9. Baky Bitarap Türkmenistan – ÝUNESKO: Taryhy – medeni gymmatlyklara baha bermek we dünýämirasynyň ýadygärliklerini gorap saklamagyň ýollaryny kesgitlemek. Halkara ylmymaslahatynyň gysgaçabeýany. Aşgabat, 2006 ý.
10. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy. Aşgabat, 2007ýyl
11. Ш. Аннаклычев. Быт и культура рабочих Туркменистана. Изд. Ылым.1969.
12. А.Бабаева. Антропологический состав туркменского народа в связи проблемой этногенеза. А:1977.
13. Г.Васильева Преобразования быта в этнические процессы в Северном Туркменистане. М. 1969.
14. А. Джикиев. Традиционные туркменсике праздники, развлечения и игры. А., Ылым, 1983.
15. А. Джикиев. Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана.А., 1977.
16. Костюм народов Средней Азии. Изд.М., 1979.
17. Материалы по исторической этнографии туркмен. А., 1987.
18. Народы Средней Азии и Казахстана. М., 1963.
19. А. Союнова. Рождение и воспитание детей у туркмен – горожан. А., Ылым, 1993.
20. Этнография Туркменистана. А.: Ылым 1993.
21. Ч. Язлыев. Туркменская сельская община. А., 1992.
22. Ч. Язлыев. Водоземельная община у туркмен. А., 1989.
23. R. Rejebow. Gadymy türkm ededebiýaty. A., 1991.
24. Milli oýunlarynyň festiwaly (festiwal Türkmenistan 5 noýabr 1991 ý- 4 s.)
25. Gadymy oguz oýunlary Galkynyş, 1999 ý. 15-nji sentýabr.
26. Türkmen gündogary, 2003. 9 ýanwar.
27. Zenan kalby ,2004,mart
1. Goşmaça edebiýatlar :
2. Gorkutata. Aşgabat 1990 ý.
3. “Oguznama” Aşgabat 1990 ý.
4. Türkmen galalary hakyndaky rowaýatlar. Aşgabat. Miras 2004 ýyl