Tema: “Türkmen dutarynyň taryhy we ony sanly ulgama geçirmek”
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
“Ýurdumyzda bagşylarymyz üçin täze täze aýdymlar döretmäge dünýäde deňi-taýy bolmadyk mümkinçilikler döredilendir”
Türkmen halkynyň gadymy we baý taryhy bar. Öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň gadymy döwürlerden bäri dünýäniň medeni-ruhy we syýasy-ykdysady ösüşine öz ýadygärlikleri, maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, ozlerinden soňky nesillere miras galdyrypdyr. Halkymyzyň gelip cykyşyny, onuň dünýä ýaýramagyny, dürli döwürlerde ýaşan ýerlerini, däp-dessuryny, meşgullanan kärlerini, hojalygyny öwrenmek we bilmek ýaş nesilleriň esasy wezipesidir.
Türkmen dutary adam eli bilen döredilip, gudrat derejesine ýetirilipdir. Pikir edip görüň, dutaryň hiç ýerinde demir goşundysy ýokdur. Ýönekeýligiň şeýle beýiklige galan nusgasyny başga bir ýerde görübem bolýan däldir.
Türkmen halkynyň belli saz guraly bolan dutar Orta Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Ol özbeklerde-de, garagalapklarda-da, gyrgyzlarda-da uýgurlarda-da we başga-da birnäçe halklarda bar. Emma olar bir-birinden möçberleri, perdeleri, hatda kirişleri boýunça hem tapawutlanýarlar.
Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Dutaryň göwresi üçin agaç tegeleklenip, içi boşadylýar we tekizlenýär. Dutaryň göwresiniň çyglylygyny aýyrmak üçin ol 24 sagatlap tamdyrda guradylýar. Soňra ol sapa ýelmenilýär. Ahyrynda guralyň göwresi, sapy we kirişleri birigip saz berýär. Şonuň üçin-de dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirişi bolýar. Şol sebäpli-de gündogar halklarynda oňa dutar diýýärler. “Du” arap-pars dilinde “iki”, “tar”bolsa kiriş diýmekdir.
Dutar barada halk rowaýatlar dördipdir. Olaryň iň ýörgünlileriň biri Babagambaryň dutar ýaşaýşy we aty oýnaýşydyr. Ol rowaýatda şeýle aýdylýar. Gadymy zamanlarda Baba Gammar kädä sap, edip oňa hem tar dakyp, onda owaz döredipdir. Ol at bakyp ýören ýerlerinde ony çalar eken. Şol günden başlap tarly tamdyra döräpdir diýip rowaýatda gürrüň berilýär.
Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara toparynyň 16-njy mejlisinde kabul edildi. Bu mejlis 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirildi.
“Dutar türkmen saz sungatynyň esasy guraly we aýdym-saz sungatydyr. Dutar uzyn saply, tut agajyndan ýasalýan kädiden durýan, barmakda çirtilip kakylyp çalynýan 2 sany kirişli saz guralydyr. Dutaryň kädisi we gapagy tut agajyndan, onuň sapy bolsa erik agajynyň şahasyndan ýasalýar” diýlip, ÝUNESKO-nyň saýtynda aýdylýar.
Dutaryň kirişi 1930-1933-nji ýyllara çenli çig ýüpekden işip edilýärdi. Soňra ol inçejik simden edilip başlanýar. Dutaryň kirişleri kwarta düzülýär. Dutar ýekelikde çalmak, şeýle hem bagşynyň aýdymyna sazandalyk etmek üçin ulanylýar. Onuň diapozony “mi”-kiçi oktawadan, “do”-ikinji okawa çenlidir. Emma ol adatça ýazylan notadan bir oktawa aşakda ýaňlanýar. Dutar hem, gyjak ýaly, tarly saz guralydyr.
Ylmy işimizde öňde goýan wezipelerimiz:
1. Halkymyzyň taryhy ýaşaýyş şertlerini öwrenmek,
2. Milli türkmen dutary barasyndaky edebiýatlar bilen tanyşmak, muzeýlerdäki, ýerlerdäki ýerlerdäki dutarlary synlamak we surata almak,
3. Dutar bilen baglanyşykly dürli maglumatlary jemlemekden ybaratdyr.
Şeýle-de, ajaýyp türkmen dutarlarynyň we saz gurallarynyň dünýewi we häzirki zaman dünýä medeniýetinde tutýan orny hem-de onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde taryhy medeniýetimiziň ýitip gitmezligi, medeni dynç alyş ýerlerde, toý baýramçylyklarda görülmez gudrata eýe edip dikeltmelidigi barasyndaky pikir öňe sürülýär.
Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanylan "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda anyk ugurlary wezipeleri kesgitleýär. Onuň üçin internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly ulgam-sansyz mümkinçilik ýagny, sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, ýurdumyzyň ylym ulgmyny täze belentliklere çykarar. Uzak aralykdan bilim bermegiň beýleki usullarynyň geçirilmegi, we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym bilim merkezleri bilen wideoşekilli maslahatlaryň guralmagy bu işleriň netijeli boljakdygyny aňladýar.
Bu ylmy işimiziň maksady:
1. Türkmen dutarynyň gysgaça taryhyny öwrenip, onyseljermekden, çeşmeleri
deňeşdirmek.
2. Türkmen dutaryny sanly ulgamyň üsti bilen dünýä halklaryna ýaýratmak.
Işiň ylmy täzeligi şulardan ybaratdyr:
1. Türkmen dutarynyň taryhy baradaky maglumatlary sanly ulgama geçirmek;
(zen.yandex.ru türkmen dutary)
2. Türkmen dutarynyň ýasalyş tärlerini sanly ulgama geçirmek.
Işiň durmuşy ähmiýeti:
1. türkmen dutarynyň ylmy esasda öwrenilmegi milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegine ýardam eder.
2.Şu ylmy işiň etnografiýa* bilen gyzyklanýan okuwçylara,talyplara we mugallymlara belli bir derejde ähmiýeti bolar diýen tamamyz bar.
Derňewiň usullary we çeşmeleri. Türkmen milli dutary derňewleriň maddy binýady bolup hyzmat edýär. Işde esasy usul taryhy hakykatçylyk boldy.Türkmen öýüniň taryhyny öwrenmekde iki usuldan – neçjarçylyk ussalaryndan sorap ýazyp almak we anketa usulyndan peýdalandyk.
2.Taryhçylaryň işleri: A.Orazowyň, A.Jykyýewiň ,G.Öwezberdiýewiň we beýlekilerden peýdalandyk.
3. Däp-dessurlara, türkmen dutaryna degişli gazet-žurnallarda çap edilen makalalardan peýdalandyk.
Işiň gurluşy: iş girişden, esasy bölümden, netijeden, sözlüklerden we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan durýar.
Girişde meseleleri öwrenmekligiň derwaýyslygy,öwrenilişi, derňewiň maksatlary, wezipeleri, ylmy täzelegi, durmuşy ähmiýeti, derňewiň usullary we çeşmeleri görkezildi.
Işiň “Türkmen dutarynyň taryhy ýoly” diýen birinji bölüminde türkmen dutary baradaky maglumatlar,çeşmeler beýan edilýär.
Işiň “Türkmeniň milli dutarynyň tebigaty, ýerine ýetirýän wezipeleri” diýen ikinji bölüminde türkmen dutarynyň aýratynlyklary, hyzmaty,ýerine ýetirýän wezipeleri barada birin-birinde durlup geçilýär.
Işiň “Türkmen dutarynyň gurluşy we bezelişi” diýen üçünji bölüminde” türkmen dutarynyň ýasalyşy, dutaryň bezelişi, neçjarçy ussalar barada gürrüň edilýär.
Işiň “Türkmen dutary sanly ulgamda” diýen dördünji bölüminde” häzirki zaman türkmen dutaryhakynda, garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen dutarynyňmertebesi hakyndaky maglumatlaryň sanly ulgama geçirşimiz barada gürrüň edilýär.
Netijede geçirilen işleriň jemleri umumylaşdyrylýar.
Türkmenler ýaly öz milli däp-dessurlaryny, öz milli egin-eşiklerini saklap galan millet ýokdur. Biz haýsy döwürde ýaşasagam,döwrümüze görä ýaşasagam,milliligimizi ýitiremizok.