Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy. Taryhdan hem belli bolşy ýaly, Nusaý galasy b.e.oňki III asyrda Parfiýa dowletinin ilkinji paytagty bolupdyr. Gezelenjin dowamynda talyplar sol Parfiya döwletinin maddy medeniýetini we sungatyny özünin arheologiýa gatlaklarynda saklayan Nusaý galasy bilen yakyndan tanyşdylar. Bu ýer diňe bir türkmen syyahatçylaryň gelim-gidimli ýeri bolman, eýsem, daşary yurtly arheoloklar we syhaçylar taryhy galany görmäge hem-de öwrenmäge gelýärler. Bu bolsa türkmen halkynyň dünyä derejesinde öwrenilýăn gadymy taryhynyň bardygyny aňladýar. Bu günki gadymy Nusaý galasyna guralan gezelenç talyplarda milli medeniýetimize, mirasymyza, şöhratly taryhymyza bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy. Gezelenje gatnaşan