6 подписчиков

Türkmen öýleriniň dürli görnüşleri, gurluşy we bezelişi

 	Türkmen öýleri öz gözbaşyny Oguz han Türkmeniň eýýamyndan alyp gaýdyp, onuň bäş müň ýyla golaý ýaşy bardyr.

Türkmen öýleri öz gözbaşyny Oguz han Türkmeniň eýýamyndan alyp gaýdyp, onuň bäş müň ýyla golaý ýaşy bardyr. Ata-babalarymyz ilkinji gezek Eflatun diýen adam öýi guşuň ganatyny görüp, ýasapdyr diýip çaklaýarlar. Belkem „Alty ganat ak öý“  diýilmegi munuň subutnamasydyr.1

        Emma alymlar A. Jykyýewiň, A. Orazowyň maglumatlaryna görä, biziň ata-babalarymyz 6-8 müň ýyl mundan ozal medeni ýaşaýşa aýak basypdyrlar. Ýewraziýanyň   we demirgazyk Afrikanyň ümmülmez giňişliklerinde adamlar has irki döwürlerde mal yzynda gezipdirler. Çarwa durmuş, ýerli howa şertleri gurnama çadyrlaryň, öýleriň edinmegini talap edipdir. Şeýle öýler  Merkezi Aziýada, Altaýda-da peýda bolupdyr. Miladydan  öňki V asyrda ýaşan grek taryhçysy Gerodot öz ýazgylarynda çarwaçylykda ýaşaýan skifleriň* arabanyň üstünde ýerleşdirilen gurnama öýleriniň bolandygyny ýatlaýar.

            Türkmenistanyň araçäginde 6-8 müň yyl mundan ozal ýaşaýyş öýleriniň bolandygyna güwä geçýän  taryhy subutnamalar bar. Şeýle öýüň has gadymy görnüşi töwerek şekilinde bolup, daşdan gurlupdyr. Soňra ol öýler kämilleşdirilipdir, töwerekleýin sütünli öýler döräpdir. Ekerançylygyň döremegi bilen oturymly ýaşaýyş peýda bolupdyr. Bu bolsa birnäçe öýüň bir ýerde jemlenmegine getiripdir. Şeýle hem  tegelek öýlerde ýaşamak Aziýa halklaryna mahsus bolup, onuň tegelek bolmagy şu pany dünýäniň yzy üzülmeýän çarhy-pelek ýaly gutarnyksyzlygy bilen baglanyşyklydyr hem-de öýüň burçlaryna adam göz dikip otursa onuň dünýäsi daralýar. Tegeleklik bolsa tükeniksizligi aňladýar. Adamyň gan basyşyny rahatlandyrýar. Tegelek tüýnükden, serpigi* açyk asmandaky ýyldyzlara seredip uka batan adamlar iň bagtly adamlar hasaplanypdyr. Öýüň burçsuz-aýlawly edip gurulmagy onuň ýele durumlylygyny üpjünleýär. Onuň ähli peýdaly perimetrlerini artdyrýar. Ýapon hünärmenleri indi aýlawly gurluşa uly umyt bilen barylýandygyny nygtaýarlar. Orta Aziýa gap-gaçlarynda öýüň tüýnügine meňzeş bolan ýyldyz belgileri türkmen gurnama öýleriniň gümmezlerinde indi tüýnügiň hem ulanylyp başlanandygyny görkezýär. 

1.Allamyrat Hesenowyň gürrüňlerinden. (Saýat etrabynyň, Awçy daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy,1939-njy ýylda doglan) 

          Altaýdan 2500 ýyl ozal dokalan dünýä belli pazyryk halysy tapylýar. Haly bolan ýerde öý hem hökman bolaýmaly. Altaýdan tapylan haly gurnama öýüň bezegi bolup hyzmat edipdir. Gerodot bolsa skiflerde ýyndam atlaryň, ok-ýaýlaryň we düýelere bökderilen gurnama öýüň bolanlygyny hem ýatlaýar.1 Gerodotyň şeýle habarlaryny şol döwürlerde ýaşap geçen ýunanystanly (grek) Fukidiniň, taryhçy Polieniň , rumly Grogyň sene ýazgylarynda-da  görmek bolýar. Çarwa türkmenler mydama düýelere bökderilgi gurnama öý serişdelerini ondan-oňa göçülende  tiz gurnamak hakynda oýlanypdyrlar.

          Türkmen öýüniň Merkezi Aziýada, Altaýda, Hytaý bilen goňşuçylykda oturan türki dilli halkyýetler we taýpalar bolan hunlaryň çarwa ýaşaýyş durmuşy bilen bagly bolupdyr. Çarwadarlaryň durmuşy we ýaşan öýleri barada gadymy hytaý ýazgy çeşmelerinde hem ýatlanylýar. Bu öýler ýaşamaga, göçüp-gonmaga has amatly bolansoň, dürli halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. 

          Türkmenleriň seleňli öýleri ýylda iki gezek, ýaz hem güýz paslynda sökülip düzülipdir. Dört, alty, sekiz ganat ak öýleriň gözenekleri durnalar gelende açylyp, gazlar geçende ýapylar eken. Öýler başda ak bolup, soňra gar-ýagmyra, güne-ýele, içerdäki oduň howuryna hem tüssä bişişip garalansoň, ak öý bolýar. Hat-da „Öý görki gamyş, gyz görki kümüş“ diýilse-de, öýüň  daşyna çekilen ak gamyşlaram  kem-kemden saralýar. Özüne-de, öýüň gamşyna sary garynja degip bilmeýär2. Şeýle hem ýazyna gamşyň gapdalyndan ýylandyr kirpi girmez ýaly ýylgyn hem goýberýärler. Gerek ýerinde öýüň gamşyny alyp at geçer ýaly köpri hem edýär ekenler. Öýüň gamşyny çöpür bile akýüňüň egrilen ýüpüne dokapdyrlar. Bu bolsa öý gamyşlarynyň berkliginiň alamatydyr.

            Türkmen öýleriniň işigi ileri bolup, gözenegiň gamşyny çala çyzgabildigiň öýe daň şemaly kürsäp urar. Bu bolsa, işiginiň ileri tarapa bakdyrylmagynyň subutnamasydyr. Galyberse-de, ol birä ýel köwsarlamaz ýaly, hemem aşakdan-ýokardan ýel gelende, öýe direg urulanda direg amatly bor ýaly, ol işige gabat bolmaz ýaly gurnalypdyr. Özüne-de öýüň  işiginiň  (gapysynyň) ýokarsyna „ýokary bosaga“ aşagyna „aşaky bosaga“ diýilýär. Ata-babalarymyz „Çyn adam aşaky bosaga ýaly bolmalydyr“ diýýärler. Munuň ynsanlaryň pespäl bolup, göwünlerini pes tutmaly diýen manysy bardyr. „Şeýle hem öýüň gabsasy dagdan agajyndan bolsa, öye göz degmeýär“2. Öýüň bilinden alaja aýlanyp,  golaň* ýüpde çöpe ildirilen ýumurtga gabyk goýulsa, onda ol öýde täze bolan çaga bar. Ol öýe et, ýumurtga eltme. Bardyň, azan aýdyber. Şeýle hem türkmen halky hiç-haçan işigi kakmaýar, diňe ardynjyraýarlar we öz gelenini şeýle edip äşgär edýärler. 

Sygryň damak ganyny gaýnadyp, aköýüň gabsasyna çalsaň, ony ygal almaýar. Öýüň serpigini açanyňda günüň tenekarly tylla tyglary dula dolup duýular-duýulmaz agyrylary endamyňdan çykarýar. Wagtal-wagtal bolsa gözenegi, eňsidir serpigi pugta ýapylan öýlerde ýüzärlik tütedilip, köne çarwa ýörelgesi arkaly derdi-belalary dep edilipdir. Öýüň ojagynda ýakylýan ojardyr sazak, gandymdyr çerkez, kerkawdyr ýylgyn ýaly odunlaryň keseli bejerip, saglygy dikeldijiligem ünsden düşürilmändir.

1.     Народы Средней Азии и Казахстана. М., 1963.

2.     15.09.2021 ýylda Murgap etrabynyň  ýaşaýjysy, 77 ýaşly Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen alnyp barylan söhbetdeşlikden.

Seleňli öýlerde ömür süren könelerimiziň yssa-sowuga çydamly, durumlydan agajet adamlar bolup, eýle-beýle başy agyryp, baldyry syzlamany dagy piňine-de almandyklaryny bellemek zerurdyr. Türkmen halky öýüniň dulunda garaýagly golçajygy saklapdyr. Agzyny açyp, ondaky akýagy  bulaşdyryp, bir salkyn, ýarym salkyn saklapdyr. Şeýdibem, öýüň garaýag ysly howasyndan dem alyşyna çagasyny sowuklatmandyr. Gün urma ýaly ýoňlardan gorapdyr.

Öýde ýylboýy-pasyllaryň, aýlaryň, hepdeleriň, günleriň özboluşly tapawutly howasynyň çalyşmagy netijesinde, çagalaram şol döwürleýin howalara uýgunlaşýanlaryny özleri-de duýmaýarlar, aňsat-aňsat sowuklamaýarlar. Olar ýylyň ähli möwsümlerinde azaly-tebigy howadan dem alyp bişişýärler. Tomus aýlarynda bolsa, bir gat hamy güne ýanyp, täze ham örýär, onsoň olar yssa-sowuga çydamly, çeýe berk bedenli bolýarlar. 

Emma tamlarda ýaşaýanlar beýle däl. Bardy-geldi onda hemişe ýylylyk berip duran ýyladyş sistemasy ýa-da gaz peji bolsa şol içeriň ýyly howasyna uýgunlaşan uly-kiçi gowşak, ynjyk, üşek ýa-da gyzgynly bolup, häli-şindi näsaglaýarlar. Olar her pasylyň özboluşly howa nygmatyndan mahrumdyr. Gyş aýlarynda ýatylmazynyň öňüsyrasynda ot içerde ýakylyp ýatylýar. Soňra ot sönýär, öý sowaýar, ýatanlar gijäniň, daňdanyň, säheriň tämiz, hoştap howasyndan dem alyp, rahat uklaýarlar.

„Öý ýagdaýyňa bakar.

Tam zehiniňi ýakar.“

         Bu pähiminiň peýda bolmagy nämeden?! Öri  meýdanlarynyň ählisine ýagyş gar deň ýagmaýar. Çarwanyň malyna bolsa otluk meýdan gerek. Nirede otluk bolsa öýüňi çözüp, düýeleriňe ýükläp gidibermeli. Öýüň ýerine tam bolsa, zehiniňi ýakyp oturmaly. Ýer titrese tamda ýaşanlara uly howp abanýar. Öýde ýaşanlaryň weli bitiniň burny hem ganamaz. Şonuň üçin: öý keramat - tam garamat – diýipdir, könelerimiz.  W.Masson Mäneli Meretmuhammet Gurbanmuhammede „Ylym sizde, siziň aköýüňiz on bäş bal ýer yranma bolsada oturar“ diýen. 1

       Öýleriň ganatynyň (täriminiň) dört, alty, sekiz, on iki bolmagy hem öý tutýanyň gurbunyň çatyşyna bagly bolupdyr. Ýeri gelende lebaply, meşhur öý ussasy Abdy aganyň: “Gola sygan öýe sygar, alty ganat öýde iki-üç gelinli maşgalaň, ýedi-sekiz çagaň, kyrk-elli owlak guzyň we myhmanyň bilen sygşyp bolýar“ diýenini, ýatlamak zerur. Mähir siňen ak öýleri ata-babalarymyz ilki azzar, soň söwüt agajyndan ýasapdyrlar. Häzirki wagtda tal agajyndanam hem ýasalýar. Pasyllaryň ýagşysyna deňelen türkmen öýleriniň gurluşy şeýle tertip düzgüne eýedir. Könelerimiziň aýtmagyna görä, türkmen öýüniň hem edil adamyňky deý on iki süňňi bar. Özüne-de öý aýylanda onuň merkezini boş goýman, palas ýa-da kilim atmaly. Öý aýylanda döwletli adama işigi açdyrýarlar. Soňra aşakdaky tertipde öý gurnalýar:

1.    Işik söýäni dikmeli;

2.    Şatärimleri aýlamaly we işik söýelere berkitmeli  (daňmaly);              

3.    Tör tärimlerini ýaýmaly;

4.    Tärimleriň ählisiniň başlaryny gowşuryp daňmaly (saramaly);

5.    Tüýnügi galdyrmaly;

6.    Uklary urmaly;

7.    Uklary düzmeli.

8.    Öý ýüpüni tutmaly;

9.    Durluklamaly;

10.Üzüklemeli;

11.Serpigi oklamaly;

12.Gamyşlamaly.

Öý tutulýan wagty köpi gören garry eneler öýüň tutulşyny gelin-gyzlara öwredende goşgy bilen aýdyp berer eken. Ähli mähir-muhabbetini öýlerine siňdiren sada, duýgur gelin-gyzlar bolsa, öýi tutup ýörkäler öz içki duýgularyny, ine, şeýleräk beýan eder ekenler:

                                     Meniň guşa gözüm gidýär,

                                     Onuň goşa ganaty bar,     

                                     Ýok, guşdan-da öýmüz täsin,

                                     Sebäp munuň ganaty çar.

Dogrudan-da, tärim aýylanda ol äpet guşuň ganatyna meňzeýär.

        Türkmenler öýi ilkinji gezek guranynda süňňüni tutup, eşiklemän, çagarykdan uzyn tanap ýa-da urgan asyp, uçar ýaly hiňňildik gurupdyrlar. Uçýan oglan-gyzlara päsgel bermez ýaly, işiksöýäň  üstündäki üç ugy, şonuň gabat garşysyndaky tör tarapdan üç ugy aýyrmaly. Hiňňildigi iki bolup münseň-de bolýar. Sebäbi: tüýnügiň gözlerinde uklaryň balalary (ujy) ýer eder ýaly; täze ham kökler geregiçe sozulyp, tärimler mazaly aýylar ýaýrar ýaly; gysgaça aýtsak, öýüň süňňi bir-biri bilen mazaly bekişer ýaly. Täze öýde ýaglyga towsulanda, ujuna gum düwülip, ilki ýokardan, soň aşagrakdan hemme alar ýaly edilýär. Iň soňunda iň ýokardan böke baýrak edilýär. Özüde  täze öý, köplenç, ilki bilen toý edilende, ogul öýerilende tutulypdyr. 

Ýokarda aýdyşymyz ýaly, her kimiň myrady ogul öýerip, üstüne gupba ýaly, altmyş başly ak öý tutup, rysgalyny aýryp, kyýamatlyk goňşy maşgalany döretmek. Iň ýakyn garyndaşlygyň üsti bilen täze gelin çykyp gelen ýeriniň gowuz ýerini doldurýar. 

          Düýe hamyndan tasmalar bilen köklenen dört, alty ýa-da sekiz täriminiň daşyna durluk çekilip, depesindäki tüýnüge balalary geýdirlip, ukbagylary bilen bolsa tärimlere berk baglanypdyr.  „Eger öýüň köklik tasmasy haram ölen düýäniň boýnagyndan bolsa, onda öý tüsseli bolarmyş.“1 Düýäň boýnagy mazaly eýlense, ondan ajap köpek bolar, edil mis ýaly. Şeýlede, düýäň bonagyndan aköýe kök edilipdir. Şeýle hem örän nepis-owadan dokalan düzüler bilen biri-birine ýakyn üç hatar garşylyklaýyn saralyp berkidilen uklaryň üstüne düýrlenip galdyrylan üzükler, serpik, durluklar bilen örtülipdir. Ýagynsyz dury  howaly gijelerde bolsa, serpigi açyk ýatylypdyr, çagalar tüýnükden görünýän ýyldyzlara, Aýa nazar salyp, süýji uka batypdyrlar.

Edil gurnalyşy ýaly, tiz söküp, öýüň tärimlerini, uklaryny, tüýnügini, egin-eşigini bir düýä ýükläp, „geçenini ýol biler, gonanyny gol“ diýlişi ýaly, çalt amal eder ekenler. Öýleriň bir-birine ýakyn tutulmagynyň sebäbi-de, apy-tupanlardan, güýçli ýellerden goranmakdaky amatlylygydyr. 

        Öýleriň ýele hem yk taraplarynda gündogar hem günbatara ýatgyn dikilen çöwşi gazyklaryna daňylan çöwşi ýüpleri ýel-guz, tupan turanda burgy agaç bilen towlanyp berkidilýär. Öýüň içinden şemalyň garşy tarapyna tüýnüge direlen direg mäkäm daýanç bolýar. Emma, şeýle etmeseň welin, güýçli harasatlar öýi göterýär eken. Şonuň üçin öýde oturýanlar şol sazak ýaran akýelleriň garşysyna hemişe hüşgär bolupdyrlar.

          Häzirki togsan ýa-da ýüz başly öýleriň durlugy bäş bolýar. Onuň bäşinjisine „ýetim durluk“ diýip at berilýär. Ol beýleki durluklardan kiçiräk bolup, öýüň art tarapyndan tutulýar. Onsoň öýüň üzügi atylýar. Ony atmak üçin üzük agaç gerek bolýar (oňa  syryk diýilýär). Üzük iki sany bolup, biri öýüň öňünden beýlekisi bolsa ardyndan atylýar. Soňra serpik atylýar. Serpigiň jemi sekiz sany bagy bolup, dördüsine „uly bag“, dördüsine-de  „kiçi bag“ ýa-da „ýel bagjyk“  diýilýär. 

        Türkmen öýleriniň gurluşynyň ähli zady hasaplydyr. Şeýle hem könelerimiziň aýtmagyna görä, türkmen öýüniň hem edil adamyňky deý on iki süňňi bar. Olar öý gapysyndan we öý gamyşyndan, tärimlerden, durluklardan, uklardan, üzük-lerden, tüýnükden, serpikden, tüýnük ýüpünden, uk baglaryndan, düzi ýüpünden, tärimiň bil (bagyndan) guşagyndan ybaratdyr. Edil şonuň ýaly öý tutmagyň hem on iki tertibi bar. Öýi başly-barat tutubermeli däl. Ilki işik söýäni dikmeli, soň tärimleri aýlamaly we işik söýelere berkitmeli, tor tärimlerini aýlamaly, tärimleriň ählisiniň başlaryny gowşuryp daňmaly, soňra tüýnügi bosagaň üstünde goýup, onuň dört tarap içinde hersinden iki ik örtürip, dört bolup tüýnük ýokary galdyrylýar. Halk arasynda şeýle bir matal bar: “ Kyrk gysrak bir ýerden suw içer“1, munuň jogaby-da „uk“. Uklaryň bir ujunyň bir ýere-de ýagny, tüýnüge üýşeýändigi üçin olar tegelenşip, suw içip duran bir süri haýwana (düýä) meňzedilýär. Tüýnügiň alnyny galdyrmak ezber*, edenli obada abraýly zenen maşgala ynanylýar. Sebäbi könelerimiz öý tutmagy aýal-gyzlaryň işi hasaplaýar ekenler.1

Uklaryň tüýnügiň deşiklerine sokulýan dört burçluk edilip ýonulan ujuna „bala“ diýilýär. Aköýüň iç tarapyna açylýan gapylary, aşaky hem ýokary işikleri birleşdirip durýan iki sany söýesi bolýar. Tärimleriň daşyna aýlanylýan hem-de uklaryň üstünden atylýan ýüňden edilen ýörite keçelere bolsa „durluk“ diýilýär. Uklara berkidilen keçelere „üzük“, tüýnüge bolsa „serpik“ atylýar. Iki tärimiň birigýän ýerine-de „gowşut“ diýilýär eken. Türkmen hany Gowşut han hem göç wagtynda, ýolda, şol iki tärimiň gowşudynda dünýä inendigi sebäpli (1826ý) Gowşut adyna eýedir2.

Geçen asyrlarda dürli sebäpler bilen biziň topragymyzda bolup giden alymlar, syýasatçylar, harby işgärler halkymyzyň milli aňratynlyklary barada gürrüň edenlerinde türkmen öýi hakynda-da ýatlaýarlar hem-de öz bellikdir ýazgylarynda gadymy türkmen öýüne uly sungat hökmünde baha berýärler. Öz ömrüniň on dört aýyny teke türkmenleriňkide ýesirlikde geçiren fransuz ofiseri Blokwil şeýle ýatlaýar: „Aköýüň tüýnüginde içine, adam boýy ýeterlige çenli iki gat tüýnük ýüpi sallanypdurýar. Güýçlüräk ýel gelip, öýi agdaryp goýbermez ýaly, bu tüýnügiň ujundan bir halta bugdaý ýa-da başga bir agyrrak zat asyp goýýarlar.”3

       Obanyň gurluşy we ýaşaýyş jaýlaryň görnüşleri, belli bir derejede, halkyň maddy medeniýetiniň ösüş derejesiniň we durmuş ýagdaýyny şöhlelendirýär. Dürli tebigy-klimat zonalary öz içine alýan Türkmenistanyň ümmülmez giňişliklerinde halkyň durmuş keşbiniň, hojalygyň we ýerleriň relefleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda oba gurluşynyň we ýaşaýyş jaýlaryň dürli görnüşlerine gabat gelinýär. XX asyryň başlarynda dagynlyk we topbak-tpbak bolup oturan obalar, esasan, derýalaryň we çeşmelriň ýakasynda, çölde bolsa süýji suwly guýularyň töwereginde jemlenipdirler. Arheologlaryň netijeli işleri bu etraplarda ýerli ilat tarapyndan ençeme asyrlaryň dowamynda ägirt uly binagärçilik toplumy, uly şäher we oba etrap merkezleriniň, jemgyýetçilik we dini jaýlaryň döredilendiginiň mälim etdiler. Ýazuw çeşmeleriniň maglumatlary boýunça, orta asyrlarda bu ýerde soňra türkmen halkynyň düzümine goşulyp giňden türki we pars dilli ilat ýaşapdyr. 1

Türkmen halkynyň çarwa we ýarym  oturymly usulda hojalyk alyp baran toparlary, XVIII - XIX asyryň taryhy şertlerine laýylykda, ýaşaýyş jaýlarynyň düýpli oturymly görnüşlerini döredip bilmändirler. Olar, esasan, öýlerde we göçürmäge amatly beýleki ýaşaýyş jaýlarda ýaşapdyrlar. Saragt we Ýolöten  oazisleriniň ilaty-da  türkmenleriň şeýle toparyna  degişli bolupdyr. Olar XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynada çarwa durmuşynyň däplerini saklapdyrlar. Oňa oazisleriň ýerleriniň gurluşy, tekizligi we tebigy päsgelçilikleriň ýoklugy netijesinde, XVIII- XIX  asyrlarda bu ýerlerde harby çaknyşyklaryň bolup durmagy-da täsir edipdir. Mysal üçin, diňe bir ýarym asyryň dowamynda, ýagny 1830-1880-nji ýyllar aralygynda oazisleriň ilaty göçme häsiýetli jaýlarda ýaşasalar-da, daşky duşmandan  goranmak maksady bilen, obalaryň merkezlerinde galalar hem salypdyrlar we howply pursatlarda şolarda gizlenipdirler. XIX asyrda we  XX asyryň başlarynda Günorta-Gündogar Türkmenistanda has giňden ýaýran ýaşaýyş jaýy kepbe-çatma bolupdyr. Ony gurmak üçin Murgap we Tejen derýalarynda köp bitýän ýerli çig mallary - toraňňyny, ýylgyny, gamyş, hyşany ulanypdyrlar. Kepbäni ýerli ilatyň uly ýaşly erkek adamlarynyň hemmesi diýen ýaly gurup bilipdir. Ýowar çagyryp, çatma toparyň güýji bilen hem gurupdyrlar. Bir ýurtdan başga ýere mejbury göçmeli bolnanda çatmany onçakly gynanmazdan taşlap gidipdirler, sebäbi onuň gurluşygy üçin kän azap çekilmändir.

Söýenişen ýykylmaz - bu nakyl öý agzalarynyň mysalyndan gelip çykypdyr. Tüýnük uga söýenýär, uklar tärimlere söýenýär, tärimler bir-birine söýenýär. Şeýlelikde, bir-birine hemaýat berip söýenişip ýykylman durýarlar.

Tüýnük - ýüpden berkitme etmek. Öý hakyndaky nakyllaryň birinde „Çagarykda tüýnük ýüpüm, şonuň bilen öýüm gaýym“ diýilýär. Uly apy-tupanlarda tüýnük ýüpden çuwala ýa suwluk torba (suw meşigi salynýan uly torba) gum guýlup, asylyp goýulýar.

Öý işigi ýedi ýalňy diýmek näme?Ýaz aýlary owlak-guzy örňeýän wagty, tomus aýlary öýde dokma ýüwürdilýän mahaly, öý ýaýbaň tutulýar. Şonda tärimler giňden aýylansoň, uly durluklar tärimiň daşyna ýetmeýär. Goşmaça „ýetim durlugy“ hem tutmaly bolýar. Şeýlelikde , öýüň jemi eşigi: dört uly durluk, bir ýetim durluk, iki üzük, jemi ýedi ýalňy bolup duruberýär.

1.   Джикиев А. Очерк этнической истории и формирование населения Южного Туркменистана. A., 1977 стр. 51

     Törden gapy açmak. Tomus aýlary öýde uly dokma ýüwürdilende tör tärimleriň arasyndan ýönekeý usulda gapy goýulýar. Işikde ýerine her tärimi bir ýaba berkitmeli, ýabany bolsa ýere çukur gazyp dikmeli.

     Ebşit. Ebşidi açmak. Ebşit-durluklaryň sepleşýän ýeri. Uly çagba hem harasat wagty çyg odun ýakylýar, tüssäni serpigi açman ebşitden çykarmaly. Muňa „sepişik“ hem diýilýär.

     Gömme. Öýe çöwşe edilende gazygyň deregine edilen berkitme. Iki garyş ýaly berk agajyň ýa demir gazygyň ortasyndan ýüpi berk daňyp, dyz boýy çukur gazyp, ýaňky ortasyndan ýüp daňylygy gazygy şol çukuruň içinde ýatyryp goýup, ýüpüň ujuny çukuryň ortasyndan ýokary çykaryp, çukury gowy edip, synçgylap gömmeli, bu berkitme gazykdan has berk bolýar. 

    „Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez“ türkmen maşgalasy işikden  gözenege çenli öýüň bütin içini öz el hünäri bilen bezäpdir. Çünki öýiň içi türkmen gelin-gyzlarynyň senetçilikden sungat derejesine ýetiren haly we haly önümlerinden düzülen bir gözellik giňişligidir. Şol giňişligi düzýän halylar we haly önümleri müňýyllyklaryň dowamynda özüni nepis sungat, gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar etdirip, halkyň ruhy dünýäsinde, gündelik durmuşynda uly orun eýeläp gelýär. Halk döredijiliginiň dilden-dile geçip, bize ýetişi ýaly, haly we haly önümlerini dokamaklyk biziň günlerimize çenli ýetip gelipdir. Olar diňe bir düşek hökmünde hyzmat edip, öý goşlarynyň ýerini tutman, eýsem adamlaryň estetiki (gözellik) talaplaryny hem kanagatlandyrýar. Haly önümleri: horjunlar, torbalar, gurama sallançakdyr, ikselikler, ümürdumandyr, öý ýüpleri - bularyň bary türkmeniň öýüniň içini bezeýän gözellik öwüşgüni - öý goşlary bolup durýandyr. Türkmenlerde şeýle bir söz bar: ‚Akmak özüni bezär akylly öýüni“. 1 Bu bir ýöne aýdylan söz bolman, eýsem türkmen halkynyň öýüne goýan belent sarpasyny we turuwbaşdan terbiýeçilik sypatlarynyň nyşanydygyny türkmen öýüniň neneňsi görkanalygynyň hut öý eýesine baglydygyny nygtaýar. Haly önümleriniň  aglabasy türkmen öýüne gireniňde sag gapdaldaky zenan maşgalalara degişli „gap böwürde“ ýerleşdirilipdir. Haly önümleri: çuwallar, horjunlar, torbalar geýim saklamak, zatlary daşamak üçin ulanylypdyr. Haly önümleri bilen düýeler, atlar bezelipdir, olar ak öýleriň, toý dabaralarynyň bezegi bolup hyzmat edipdir. Haly önümleriniň durmuşda ulanylyşy olaryň görnüşini şertlendiripdir. Türkmen halylarynyň aýdyň geometrik nagyşlarynyň reňk çözgüdinde (koloritinde)* gyzyl reňkiň goýy öwüşginleri agdyklyk edýär. Halylaryň we haly önümleriniň nagyşlarynyň gelip çykyşynyň (realistik)* hakyky esaslary bar. Haly nagyşlarynda halyçyny gurşap alan realistik dünýä: ösümlik we haýwanat dünýäsi, suwarymly ekin meýdanlary ýönekeýleşdirilen görnüşinde görkezilýär. Asyrlaryň dowamynda diňe sehälçe üýtgeşmä sezewar bolan bu nagyşlar aýdyň görnüşli milli häsiýete eýedirler. Häzirki döwürde Ahal we Mary welaýatlarynyň etraplarynda dokalýan merkezi bölegine „guşly göl“, „garly göl“, „salyr göl“ nagyşlary salnan halylar we haly önümleri - teke halylarydyr. Merkezi bölegine „garçyn göl“, „pendi göl“, („aýna göl“) „çakmak göl“, „gyýma göl“ nagyşlary salnan haly we haly önümleri „pendi halylary“ diýlip, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda we Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda dokalýandyr. 

1.     Berdimuhamedow G., “Paýhas çeşmesi” kitaby,  A; 2015ý, 107-nji sahypa  

Merkezine „gabsa göl“, „durnak göl“, „japarbaý göl“, „pyşbaga“ nagyşlary salnan halylar we haly önümleri bolsa ýomut halylary diýlip, Daşoguz welaýatlarynyň etraplarynda dokalýandyr. Merkezi bölegine  „gülli göl“, „derweze göl“, „küňreli göl“ „bäş aý beşir“, „harran beşir“, „ýylan beşir“ nagyşlary salnan haly we haly önümleri - ärsary halylary diýlip, Lebap welaýatynda dokalýandyr. Merkezine „gülli 

göl“, „guşly göl“, „wazzyk göl“, „dyrnak göl“, „towuk göl“ nagyşlary salnan haly we haly önümleri Daşoguz halylary diýlip, Daşoguz welaýatynyň etraplarynda dokalýandyr.Haly önümlerini dokamak üçin iň gowy çig-maly belli saryja tohumyndan bolan goýunlaryň ýüňüdir. Halynyň erşi we çitimi üçin ýaz gyrkymynyň ýüňi peýdalanylýar. Käbir halatlarda ýüň ýüp bilen bilelikde nah ýüplügem ulanylýar. Ýüp ösümliklerden we goýun, geçi ýaly haýwanlaryň ýüňünden alnyp, sintetik boýaglar bilen dürli reňklere boýalýar. Çitimli halynyň esasy erişden we argaçdan durýar. Erşiň ugruna bir-birine berk gysylan kiçijik çitimler edilýär. Türkmen halylaryna bir ýarym ýa-da goşa çitim mahsusdyr.Gadymdan bäri türkmenler „haly“ sözüne elde dokalyp, üstünde oturmak üçin peýdalanylýan çitme düşek diýip düşündirýärdiler. 1 Dürli haly önümleri bolsa durmuşda ulanylşy bilen baglanyşykly hersiniň özüne laýyk ady bar. Ýörite edebiýatda çitimsiz haly diýlip atlandyrylýan, nagşy halynyňkydan tapawutly öýdüm bilen çitilip dokalýan düşege palas diýilýär. Elde dokalýan palaslar çig maly (materialy), dokalyş usuly we durmuşda ulanylşy boýunça halylara ýakyndyr. Olar hem düşek hökmünde peýdalanylýar. Palaslar hem eriş we argaçly dokalyp, olary dokamak üçin ýüňdarakda daralyp, soňra egrilen ýüň ýüp ulanylýar, ýokarda agzalyp geçilen boýaglar peýdalanylýar. Nagyşlarynyň häsiýeti boýunça palaslar aşakdaky görnüşlere bölünýär: „bossany“, „buýnuzly“, „gülýaýdy“. Halylarda bolşy ýaly palaslaryň hem iki gyrasy syk dokalan zolak we seçek bilen gutarýar.

           Haly önümleri gündelik durmuş bilen ýakyn baglanşyklydyr, olaryň göwrümi hem şondan gelip çykýar. Gadym türkmen öýüniň gapysynyň haly tutusyny - eňsini muňa mysal edip görkezmek bolar. Eňsiler seleňläp oturan türkmen ak öýleriniň aýratyn gelşigi bolup aňyrdan geleniňde ol bizi hakykatdanam çäksiz gyzgyn söýgi, mähirlilik bilen garşy alýar. Sebäbi onuň düşeginde gyzyl reňk agdyklyk edip ol mylaýymlylygyň, mähirliligiň nyşanydyr. Eňsi - öýüň gapysyna daş ýüzünden tutar (gerer) ýaly dürli nagyşlar salnyp çitimli dokalýan haly önümi-dir. Ol ojakbaşy ululy-gynda dokalyp, aşak tarapy seçeklenýär. Ýüzüne salynýan nagyş düşek halylarynyň-kydan tapawutlanýar. Ortasyna „guş“, arasyna we gyrasyna „böwrek“, “ugujy“, „güjük yzy“, „ak suw“, „ýaşyl suw“  ýaly  nagyşlar salynýar. Gyra nagyşyna „byçgy“, „saýnak“, „sallat“ (soldat). Älemine bolsa „gürgül“ diýen nagyşlar salynýar. Ol ýokarky we aşaky bölekleriniň aýdyň kompozosiýasy (taslama) gurluşy bolan kiçeňräk göniburçly halydyr. Onuň aşaky nagyşly zolagy, adatça, ýokarkydan inlidir. Eňsiniň nagşy düşelýän halylaryň nagyşyndan tapawutlanýar. Pendi eňsileri aýratynda dürli-dürlidir. Eňsi atly haly önümlerini hemişe merkezleşdirlen taslama boýunça dokalýar. Eňsi  haly önüminde nagyşlaryň taslamasy halynyň merkezine bagly bolýarlar. Eňsi haly önümine göl nagyşlary salynmaýar. Eger-de ol salynsa-da ýönekeýleşdirlen (stilleşdirlen) görnüşinde salynýar. 

1.   Berdimuhamedow G., “Medeni miras – dünýäniň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhyny öwrenmegiň çeşmesi” atly Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara (14.03.2008ý.)

Merkezleşdirlen taslama boýunça dokalýan eňsiler tekelerde, ýomutlarda, saryklarda, çowdurlarda hem-de ärsarylarda duş gelýär. Ýöne ärsarylaryň „edresi“ nagyşly eňsilerinde nagyşlaryň taslamasy halynyň merkezinde ýerleşdirlen nagyşlar diogonal boýunça ýerleşýärler. Beýleki eňsilerde bolsa (teke, saryk…) haly önüminiň nagyşlary göniburç taslama boýunça gurulýar. Diýmek, nagyşlaryň burçlary 90 gradus geometrik usulda görkezilýär. Ärsarylaryň „pir pudak“ nagyşly eňsisinde gönüburç taslama düzülýär. Teke eňsileriniň ählisinde halynyň diňe ýokarky böleginde türkmen öýüni ýa-da kejebäni aňladýan nagyş ýa-da nyşan ýerleşýär. Şol nyşanyň aşagynda hökman „Ж“ görnüşli nagyşlaryň taslamasy ýerleşýär.1 Edil şol nagyş ärsarylaryň ýere düşelýän halylarynyň göllerinde gabat gelýär. Eňsiniň merkezindäki gönüburç taslamasy dürli nagyşlardan düzülýär. Nagyşlar öz zolagy boýunça kese we dik duran setirleri döredýärler. 

           Türkmen eňsilerinde köplenç „goçak“ nagyşlar salynýar. Bir eňsiniň nagyşynyň içinde birnäçe görnüşli goçaklar ýerleşýär. „Sekiz goçak“ nagyşly eňside ak goçaklar eňsiniň çarçuwasy hökmünde ulanylýarlar. Akwe goňur goçaklar halynyň merkezinde dürli görnüşlerde uly we kiçi sypatynda görkezilýär. Merkezde ýerleşýän goçak nagyşlary setirlerini „egremçe“ nagyşlar gurşaýarlar. „Egremçe“ nagyşy bu eňside iki görnüşde dokalypdyr. Uly „egremçe“ köplenç akwe goňur reňklerde dokalypdyr.kiçi görnüşli „egremçe“ bolsa ak we gyzyl reňklerde dokalypdyr. „Egremçe“ nagyşlaryň arasynda hökman merkezi nagyşy gaýtalaýar. „Н“ harpyna meňzeş nyşanlar goýulýar. Eňsiniň aşaky böleginde üç setirden ybarat bolan nagyşlar dokalypdyr. Birinji setirinde gara, mele we ak nagyşlar ýerleşýär. Onuň aşagynda ikinji setirde alty sany açylyp duran güle meňzeş geometirik şekilli nagyş ýerleşýär. Bu nagyşlar Oguz hanyň alty oglunuň nyşanlary hökmünde ulanylan bolmagy hem mümkin. Olar alty sany şahaly agajyň keşbini-de ýada salýar. Sebäbi türkmenleriň gadymy dini ynaçlaryna görä, esasanam dagdan agajy ynsanlaryň ömrüne deňelipdir. Onuň sebäbi dagdan agajynyň berk hasaplanýanlygyndadyr. Çünki halk arasynda „dagdanly taýmaz“ diýip, dagdan agajyny göz-dilden goraýan doga-tumar hökmünde ulanypdyrlar. Gyra nagyşy „haç“ görnüşli bolup, dikligine alty setirden ybaratdyr. Haç görnüşli nagyşlar gytak (diogonal) görnüşinde goýulyp gadymy otparazlaryň (swastika) nyşanyna meňzeş. Şonuň ýaly  nagyşlar eneolit döwrüniň keramika önümlerinde duş gelýär. Eneolit döwrüniň gap-gaçlarynda göni burç, haç, swastika görnüşli nagyşlar şekillendirlipdir. Haç hem-de swastika nagyşlary otparazlyk döwründe günüň we oduň şekilini aňladýarlar. „Sekiz goçak“ nagyşly eňsiniň nagyşlarynyň  ähli zolaklarynyň daşynda alaja nagyşy gurşaýar. Eňsiniň ýokarky we aşaky gyrasyny elde örülen alaja (ak, gar) görnüşli nagyş ýygnaýar. Şunuň ýaly nagyşlar atlaryň saý-seplerinde, gylyjyň kemer bezeginde hem gabat gelýär.

 Germeç hem eňsiniň aşagyndan goýberilip, ol iki garyş agsak sere bolup, gapynyň daş ýüzünden berkidilýär. Ol öýi gar-ýagmyrdan gorapdyr. Bu barada halk arasynda şeýle aýtgy bar:

Serpik tüýnügi,        gamyş durlugy,       eňsi işigi.

   üzük ugy,              durluk tärimi,          germeç öýi goraglar.

1.   15.09.2021 ýylda Murgap etrabynyň  ýaşaýjysy, 77 ýaşly Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen alnyp barylan söhbetdeşlikden.

Germeçleriň uzynlygy eňsiniň inine deň geler ýaly edip dokapdyrlar. Köýnekçe nagyşly saryk germeji. Germejiniň ýokarky gyrasy kelte seçekli aşak gyrasy bolsa uzyn seçekli we gotazly bolýar, hem-de her gapdalyndan ýüpe berkidilen gotazlar saklanýar. Gotazlaryň ýüplari alaja görnüşinde işilipdir.  Gotazlaryň özi bolsa gyzyl ýaşyl, gök sapaklardan ýasalypdyr. Germeçleriň iki görnüşi duş gelýär. Birinji görnüşi gotazly, ikinji seçekli. Germeçleriň taslamasy düýeleriň owsaryna meňzeýär. Sebäbi düýe bezegindäki haly önümlerinde gotazlar* köp ulanylýar. Köýnekçe nagyşly saryk germejinde önümiň merkezinde atanak görnüşli hem-de uçup barýan laçyny ýatladýan nagyşlar çitilipdir. Merkezi nagyşyň daşyndan çarçuwa hökmünde dagdan nagyşy gurşaýar. Dagdan nagyşyň daşyna „soragly älem“ nagşy aýlanýar. Soragly älemiň ýokarky we aşaky setirleri inçedir. Gapdalyndakylar bolsa inlidir. Onuň daşyndan bolsa iki setirden ybaratlylykda ýene-de dagdan nagyşy geçýär. „Soragly älem“ „S“ harpyny ýatladýan şekildir. Bu nagyş iki sany guw guşunyň geometrik şekilini aňladýar. Türkmen sungatynda owadan guwlary şekilini ýarag önümlerinde hem görmek bolýar. Saryklaryň germejiniň reňk taslamasy goňur, gök we ak  reňklerden düzülýär. Diňe gotazlaryna gyzyl reňk goşulýar. Tekeleriň germeçlerinde esasanam gyzyl reňkleriň birnäçe görnüşleri ulanylýar.

Nagyşlaryň suduruna ak reňk berilýär. Teke germeçleriniň seçeklerinde köplenç gyzyl we ýaşyl sazlaşygy ulanýarlar. Öýüň bosagasynyň bezegi üçin ulanylan haly önümi bolan „tegbentli kerpiç“ nagyşly teke germeji (Ahal, Mary taraplarynyň) „Köýnekçe“ nagyşly saryk germejinden (pendi taraplaryň) nagyşlanyşy, seçeklenişi açyk reňkliligi bilen tapawutlanýar. Saryk germeji bolsa, seçeklenmän gotazlanyşy, nagyşlarynyň syk, ownukly çylşyrymlylygy, goýy, gyzyl reňkleriň agdyklylygy bilen tapawutlanýar.    Öýe salam berip bissimilla diýip, sag aýagyň bilen öýe girersiňem welin, gapynyň iç ýüzünden gerilen „П“-görnüşli gapylygyň (gapygünlik hem diýilýär) seçekleri ýüzüňe düşüp, seni garşy alar. 1 Gapylyk gapynyň iki tarapyndan goýberilip, öýe hem gapynyň iç ýüzünden aýratyn bezeg berýär. Onuň aşagy seçek bilen gutarýar. „Kerpiç“ nagyşly saryk ( Pendi taraplarynyň) gapylygy hem „Darak“ nagyşly salyr (sarahs taraparynyň) gapylygyndan gotazlanyşynyň baý öwüşgüni, nagyşlanyşy, hemem gapylygyň merkezindäki gapdallaýyn seçeklenşi bilen tapawutlanýar. Sebäbi salyr gapylygynyň merkezinden, ýagşy ýokarky böleginden aşaklygyna diňe bir uzyn seçekler goýberilen bolsa, saryklaryňkyda dürli reňkli hatar gotazlar bilen gotazlanypdyr. Bäş gül nagyşly arabaçy gapylygynda hem merkezi nagşyň aşak böleginden hiç bir seçeklerdir gotazlar goýberilmändir. Gapdalky iki sag we çep nagyşlanan zolak üç burç formada (göwrümde) gutaryp, aşaklygyna üç hatar gotazly işilen alaja goýberilipdir. Bu gapylykda nagyşlar maýdadan, nepis çitilipdir. Merkezindäki nagyş gapylygyň ady bilen baglanyşyklykda  „Bäş gül“ atly bäş sany aýry-aýry oturan nagyşdan ybarat. Nagyşlaryň ýerligi açyk reňkde bolup, merkezinde halyň gölüne meňzeş, köplenç ärsarylalaryň halylarynda duş gelýän „gabsa göl“ nagyşyna meňzeş göl ýerleşýär. Türkmenleriň gapylygy öýiň mukaddesligisini aňladýar we gelen myhmany mähirlilik bilen garşy alýar. Şeýlelikde, öýe girip, saga ýöräberseň çuwallar özleriniň dokundyryjy görnüşleri bilen özüne çekýär. 

1.     15.09.2021 ýylda Murgap etrabynyň  ýaşaýjysy, 77 ýaşly Gurbanberdiýewa Ogulgerek bilen alnyp barylan söhbetdeşlikden.

Heniz çuwallara ýetmänkäň aýal maşgalanyň ýüň egirýän içine, ýumak we ýene şuňa meňzeş tikin-çatyn gurallaryny salynýan ikseligi ýerleşýär. Ol süýnmek torbajyk bolup torbalaryň hataryna girsede onuň ady torba diýip tutulmaýarda ikselik diýlip atlandyrylýar. Onuň ýüzüne salynýan nagyşlaram onuň ölçegine görä kapyýalaşdyrylyp salynýar. Şeýle hem bu torba ýörite ownuk nagyşlar salnyp çitilip dokalýar we gap böwürden asylyp goýulýar. Ýagny, giren agyzragyňda, gapyrga nagyşly ikselik önümi ýerleşýär. Ol öz taslamasy boýunça göniburçly haly önümidir. Ikselikler öz daşky göwrümi boýunça „ukujydan“ tapawutlydyr. Ikselikleriň merkezi nagşy ukujynyň nagyşyny gaýtalaýar. Ýöne ukujynyň nagyşlary piramida görnüşinde ýerleşýärler. Ikselikde bolsa nagyşlaryň taslamasy dikligine (wertikal*) gaýtalanýar. Ikselegiň basgançakly üçburçluklaryň (piramidalaryň) depeleri inli. Üçburçluklar gök, ak we gyzyl reňkler bilen boýalýar. Ikseligiň daşyna alaja ýüpi tikilip berkidilen. Ikseligiň iki gapdalyna alaja ýüpüň özüne gotazlar berkedilen. Aşaky gyrasyna bolsa otuz alty setirden ybarat alty sany reňkli gotaz berkidilýär.

       Iksekigiň golaýynda bolsa göçülende öýüň tüýnügini saklaýan agaç uklaryň uçlarynyň döwülmezligi üçin salynýan ukujy ýerleşýär. Ukujy - süýnmek göwrümli seçek bilen gutarýan haly örtükdir. Ukujy çitimli we çitimsiz bolup, ownuk nagyş salynýar. Oňa başgaça „uksalyk“ hem diýilýär. „Gapyrga“ nagyşly ýomut ukujysynda Pessejik depeden tapylan neolit döwrüniň diwar nagyşlaryndaky pişme görnüşli şekiller suratlandyrlan. Ukujynyň göwrümi gadymy türkmenleriň zömmek telpegine meňzeýär. Ýa-da bir görseňem gülli jorabyň ökjesini ýada salýar. Nagyşlaryň özü-de ukujynyň göwrümine görä salynypdyr. Ol göniburçlukdan gelip düýbi çürelip üç burç ýa-da „awal“ görnüşde birigýär. Bu torbanyň merkezi nagyşy ak hem gyzyl reňklerde çitilipdir. Merkezi nagyşyň sudury goňur, gyzyl we ak reňkli gyrasy kertik üç burçluklardan düzülýär. Goňur zolaklardan alaja nagyşy geçýär. Her nagyş üçburçluklardan ybarat. Üç burçluklar öz häsiýeti boýunça basgançakly piramidany ýatladýar. Üýburçlugyň (piramidanyň) merkezinde geometrik görnüşli ojak ýerleşýär. Ojagyň içinden tüsse çykýar, ot - tüsse aýlawly nagyşlar bilen piramidanyň depesinden çykýar. Arheolog W.Masson tarapyndan Altyn depeden tapylan ybadathananyň basgançaklary gyzyl, ak we akreňklere boýalypdyr. Bürünç asyryna degişli  basgançakly ybadathanada mukaddes ot ýakylypdyr. Ukujydaky görkezilen basgançakly üçburçluklar hem edil şoniň ýaly reňklenipdir. Merkezi nagyşyň ýokarky we aşaky bölegi tolkun nagyşlary bilen ýa-da uçlary towly egrem bugramly nagyş (meandr) gönüşli örtülýär. Bu nagyşlaryň merjkezinde ak, akwe gyzyl reňkli sepleşen üç burçluklary ýerleşýär. Eniolit döwrüne degişli gap-gaçlarda hem edil şonuň ýaly bir-biri bilen sepleşýän üç burçluklaryň setiri şekillendirlipdir. Ukujynyň düýbi türkmen öýüniň başyny hem ýatladýar. Onuň ýüzündäki alaja nagyşlar üç burçluk görnüşli örülýär. Nagyşyň häsiýeti gümmezli jaýlaryň kerpiç örülişini ýatladýar. Ukujynyň düýbüne reňkli gotazlar berkidilipdir. Giň ýaýran haly önümleri bolan torbalaryň, horjunlaryň, çuwallaryň uly çeperçilik ähmiýeti bar. Ukujynyň ýanyndan öýüň törüne tarap gözüňi aýlanyňda öýe gelşik berip duran „gyzyl çuwala“ gözüň düşýär. Ol „art bagşa“ ýetmenkäň, gurama sallançagyň ýanynda ýerleşýär. 1          

1.     Материалы по исторической этнографии туркмен. А; 1987. cтр 47

Çuwallar - iki tarapyndan ýüp tikilen uly halta görnüşli öý goşy, geýim saklanýan haly gapdyr. Ulanylyşyna laýyklykda çuwallar birnäçe görnüşe bölünýär. Ýagny olara: haly, çuwal, ak çuwal, gyzyl çuwal, argyş çuwal, artmak, ak garçyn çuwal, çybyk çuwal, sarma çuwal degişlidir. Haly çuwal dürli reňklerden bolan ýüplerden haly ýaly ýa-da ondanda has inçe we nepis dokalypdyr. Şeýlede haly çuwala haly salynýan göller salnypdyr. Şonuň bilen birlikde-de haly çuwalyň hem bugdaý salynýan görnüşi bolupdyr. Göçümde ol öýüň ähli maýda goşlarynyň ählisini ýygnapdyr, şol durşuna düýä ýüklenipdir.

       Gyzyl çuwal - düşegi gyzyl kakma bolup, käýerinden zolak nagyş geçýän çuwalyň bir görnüşi. Oňa aýal maşgalalar geýim-gejimlerini salypdyrlar.

      Ak çuwallar - çitimli nagyşly zolaklaryň çitimsiz ak palas ýerliginiň ýüzünde ýerleşdirilýändigi bilen haly çuwallardan tapawutlanýar. Gyzyl çuwallarda bolsa çitimli nagyşly zolaklar gyzyl çitimsiz palas ýerligiň ýüzüne salynýar. Bu çuwallaryň ulanylşy haly çuwallaryňka meňzeş. Seýrek öýdümli dokalan palas çuwallar hem duş gelýär. Çuwallar ak öýlere beýleki öý goşlary bilen sazlaşyp, utgaşyp ajaýyp görk berýär. „Kyrk sargy“  nagyşly ýomut çuwalynyň merkezi nagyşy bäş setirden ybarat bolupdyr. Onuň içinde ýigrimi sany nagyş ýerleşýär. Nagyş setirleriň gyrasy uşak haç nagyşlar bilen örtülýär. Kiçi haç nagyşynyň arasynda gaňrak nagyşy geçýär. Merkezi meýdanyň dört tarapy tolkun nagyşlar bilen gurşalýar. Tolkun nagyşlaryň merkezinde tegbent görnüşli nagyşlar salynan. Çuwalyň aşaky böleginde guşlaryň keşbini aňladýan alty sany nyşan ýerleşýär. Her nyşanyň alty ganaty bar. Şonuň ýaly nyşanlar gadymy oguzlaryň Orhon-ýeniseý ýazgylarynda hem duş gelýär, hem-de Wolga derýasynyň çäginde ýerleşýän çöllerden tapylan daşdan ýasalan ýadygärliklerden görmek bolýar. Çuwalyň nagyşlaryna meňzeş şekiller 1947-1950-nji ýyllarda Altaýdan tapylan mazarlaryň içindäki amaly-haşam önümlerinde duş gelýär. „Tegbent“ nagyşly teke ak çuwaly üç sany gyzyl, biri-birinden aýry gyzyl zolaklardan ybarat. Olaryň arasynda tarada dokalan inçe ak zolaklar ýerleşýär. Üç sany ak zolagyň tekizligi boş meýdandan ybarat. Onuň ýüzüne nagyş salynmaýar. Tegbent nagyşynyň aşagynda gyzyl nagyşly ak zolak berkidilýär. Ak ýerligiň ýüzünde gadymy Oguzlaryň nyşany bolan iki kelle bürgüdi aňladýan tagmasy çitilipdir. Bürgütleriň nyşanlary bäş setirden ybarat bolup, ak ýerligiň ýüzünde çylşyrymly şekilleri döredýär. Bürgütleriň şekilleriniň ýokarky setirinde atanak nagyşlar salynypdyr. Türkmenistanyň çäginde tapylan atanak şekiller biziň eýýamymyzdan öň üçünji müň ýyllyga degişlidir. Atanak nagyşlar küýzegärçilik sungatynda hem-de daşdan ýasalan önümlerde duş gelýär. Meselem: Türkmenistanyň  Milli Muzeýinde saklanylýan daşdan ýasalan küýze önümleriniň ýüzünde atanak nagyşlary çyzylypdyr.1 Bu çuwalyň seçekleri ak reňkli bolup, olar gysgadyr. Bu ak çuwalda haly dokmaçylygynyň we tara dokmaçylygynyň usullary sazlaşykly ulanylýar. Çuwallaryň başga görnüşlerinde köplenç diňe haly dokmaçylygynyň usulary we nusgawy göl salynmagynyň kanunlaryny ulanýarlar. Çuwallarda ulanylýan nagyşlar we göller halylaryň taslamasyny gaýtalaýar. Ýöne çuwallaryň aşaky bileginde aýratyn taslama boýunça özboluşly nagyşlar 

salynýar. Nagyşlaryň nepisligi,  reňk çözgüdiniň (kolorotiniň) owadanlygy sebäpli, torbalar öýüň umumy  bezeginiň ajaýyp bir bölegi bolup durýar.

1.   Berdimuhamedow G., “Janly rowaýat” A; 2015ý

Torbalaryň aşagy seçek bilen gutarýar. Dürli umumylykdaky torbalaryň nagyşlarynyň görnüşleri dürli-dürlidir. Öý şertlerinde torbalar hojalyk goşlaryny, gap-gaçlary we beýleki zatlary saklamak üçin ulanylýardy: çemçetorbada çemçe, çanaktorbada agaç çanaklar, duztorbada duz saklanylýardy. Gazantorbalara göçülende gazanlar salnyp, düýäniň howudynyň gapdalyndan asylýardy. Torbalar hem edil çuwallar ýaly tärimden asylyp olaryň hem ençeme görnüşleri bolup, dürli möçberde dokalyp tikilýän gap bolup hyzmat edipdir. Olaryň „aşyk torba“, „azyk torba“, „at torba“, ,goş torba“, „göjek torba“, „dereje torba“, „ duz torba“, „düýp torba“, „haly torba“, „sakma torba“, „ suwluk torba“, „samyr torba“, „öýdüme torba“ ýaly görnüşleri bolupdyr. Özü-de torbalaryň ählisi sünnälenip dokalmandyr. Mysal üçin oglanjyklaryň göjeklerini salyp (çöreklerini) gapdallaryndan asýan torbajyklary bolan „göjek“ torbasy köplenç ýönekeý, ýagny nagyşsyz dokalan önümlerden tikilýär. Onuň tersine „haly torba“  haly ýaly çitilip ýüzüne her hili nagyşlar salnyp dokalýan, uzyn seçekli torba bolup, ownuk-uşak zat salmak we owadanlyk üçin öýüň dulundan tärimden asylypdyr. Haly torba haly çuwalyň aşagyndan asylypdyr.  Türkmen torbalaryň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň eginde alyp gidip goterilýäni hemem öýüň içinde durýan görnüşlerine bölünýär. Kerpiç nagyşy teke torbasynyň merkezi taslamasy göniburçluklardan ybarat, gök we gyzyl her göniburçlugyň içinde gadymy grekleriň „meandr“ nagyşyna meňzeş türkmeniň „gaňrak“ nagşy ýerleşýär. Gyzyl göniburçlugyň içinde gök  gaňrak, gök göniburçlugyň içinde sary gaňrak ýerleşýär. Torbaň merkezinde gaňraklar nagyşlardan ybarat ýigrimi dört sany göniburçluk ýerleşipdir. Kerpiç nagyşlarynyň arasynda iki setir arasy gaňrakly gapyrga nagşy ýerleşýär, onuň ýerligi ak bolup nagyşlaryň reňki goýy gyzyldyr. Kerpiç nagyşynyň daşyny dagdan nagyşlar çarçuwa hökmünde gurşaýar. 

„Gabsa göl“ nagyşly ýomut torbalaryň merkezi taslamasyny (kompozisiýasyny) uly göwrümli iki sany gabsa göl nagşy çözýär. Gabsa gölüň düzümini peýkam ýa-da labyr görnüşli nyşanlar düzýär. Her gabsa gölde 10 sany labyr nyşany ýerleşýär. Merkezi taslamanyň burçlarynda we gyralarynda gabsa gölüň ýarty göwrümi görkezilýär. Ak, gyzyl we ak, akreňkli çarşak bir-biriniň içiniň geýdirilen nagyşlar bilen düzülipdir. Olaryň daşyny  haç görnüşli nagyşlar bezeýär.  Haç görnüşli nagyşlar eneolit döwründen bäri türkmeniň amaly-haşam sungatynda ulanylýar. Torbanyň ýokarky gyrasy goçaklar bilen bezelipdir. Aşaky gyrasy bolsa ýarty tegbent keşde bilen bezelipdir. Ýomutlaryň torbalarynda merkezi nagyşlaryň daşyny hökman haç görnüşli hem-de tolkun görnüşli şekiller nyşanlar hem-de tolkun bezeýär. Kejebe nagyşy salyr torbasynda bäş sany „kejebe“ nagyş ýerleşýär. Her gapdalynda bolsa nagyşyň ýarty görnüşi salnypdyr. Her kejebe nagyşyň arasynda „goşa guw“ guşlaryň geometrik şekilli, alajaly „çoçak“ nagyşlar gurşaýar. Salyr torbalaryň aşaky bölegini tekeleriň „dyrnakly kelle“ nagyşyna meňzeş nagyş gurşaýar. Torbanyň ýokarky böleginde iki setir  goçaklar we tolkun nagyşlar salynýar. Salyr torbanyň seçekleri köplenç bir reňkli bolýar. 

          Ärsarylaryň torbalarynda merkezi hem gyra nagyşlary uly göwrümde salnypdyr. Ärsarylaryň torbalarynda üç we iki reňk ulanylýar.1 Bu torbalaryň reňk çözgüdi esasanam ak reňkli nagyşlardan düzülýär. 1.   Halaçly halyçy zenan Şemşat Gullyýewanyň maglumatlaryndan (Pelwert obasynyň ýaşaýjysy)

Bularyň ýanyndan bolsa eger öýde ýaş çaga bar bolsa gurama sallançaklar hem kiçijik kilim görnüşinde dokalyp, ýüzüne „gülýaýdy“, „atanak“ ýaly nagyşlar salnypdyr. Şeýle hem, türkmen öýüniň mukaddes düýe ýüň saçagy hem gara, gyzyl zolakly dokalýan kakma mata bolupdyr. Saçaklyk mata insiz dokalypdyr we soňra belli bir möçberde inedördül edilip kesilipdir. Gyralaryna ýörüte örümleriň ählisi gap böwürde ýerleşip agyl böwürde ýagny, erkek adamlaryň tarapynda haly önümlerinden bir-ä çuwal hemem, horjun asylypdyr. Horjunlar hem öýe aýratyn gözellik berip, her hili ownujak nagyşlar salnyp dürli görnüşde (çitme, kakma, öýdüme) dokalyp, iki gözli edilip tikilýän, agzy köjegli gap bolup hyzmat edipdir. Horjun esasan bir ýere gidilende atyň üstüne atylypdyr. „Gaz aýak“ nagyşly ýomut horjununyň merkezi meýdan ýerligi gyzyl, onuň ýüzündäki „gaz aýak“ nagyşlar gyrak setirler boýunça düzülýärler. „Gaz aýak“ nagyşlara sary we akreňkli salnypdyr. „Gaz aýak“ adalgasy bolsa, soňky asyrlarda emele gelen atdyr. Sebäbi edil şonuň ýaly nyşanlary beýleki haly önümlerinde hem görmek bolýar. „Gaz aýak“ merkeziniň çarçuwasy sepleşýän üç burçlaryň taslamasyndan düzülýär. Olar ak, sary, gyzyl we aküç burçluklardan ybarat bolup, akreňk akbilen, sary reňk sary bilen gezekleşip gabatlaşýar. Şonuň ýaly nagyşlary haly stilli keramika önümleriniň syrçalarynda görmek bolýar. Horjunyň iki gözüniň sepleşýän ýeri edil horjunyň ýüzündäki üç burçluklaryň çarçuwasyny gaýtalaýar. Ýöne, her bir üçburçluk kiçi göwrümli dört burçluklardan düzülýär. Horjunyň aşaky gyralarynda guşuň geometrik şekilini aňladýan esasanam, gazyň keşbini görkezýän nagyşlar salynan. Şeýle-de Taňry nazary düşen türkmen öýlerini namazlyk bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Hat-da ony keşdeläp nagyşlamagam ünsden düşürilmändir. Namazlyk ak ýüňden keçe ýaly basylyp ýa-da haly ýaly dokalyp taýýarlanýan önümdir. Namazlygyň öň tarapyna ýokarsyna goçak, derweze,   ymarat görnüşinde nagyş salynýar. Onuň düýbüne bolsa her hili nagyşlar, göller salnyp dokalýan, gaty uly bolmadyk düýp haly ýazylypdyr. Onuň „düýp haly“ diýilmeginiň sebäbi ol öýüne törüne ýazlanlygy üçindir. 1

      Türkmen öýüniň içki we daşky bezeginde  ýüňden ýasalan önümler  (keçe, haly,palaslar,torbalar,....) ulanylsada,deriden ýasalan önümler hem az duş gelmeýär.

       Gadymy  türkmen halky özüniň gündeki gününde deri önümlerinden giňden peýdalanypdyrlar. Olaryň lybaslary: telpekleri (şyrdak,şypyrma, bagana), egin-eşikleri (possun,içmek,..),aýak-gaplary (çokaý,messe,..) hem deri önümleridir . 

       Ýere düşelýän haly önümleriniň hataryna kilimdir, teläraşak, ojakbaşy hem degişlidir. Ojakbaşy ojagyň daşyna kybap görnüşinde haly ýaly dokalyp düşelipdir. Kilim ýüwürdilende haly ýaly ýüwürdilip, öýdelip dokalýan, ýüzüne dürli nagyşlar salynýan, kiçiräk düşeklik önüm bolupdyr. Kilim palasa görä çaklaň edilip dokalypdyr. Teläräşak hem öýdelip dokalýan insiz, düşeklik palas bolup, ýazyna tomsuna öýden çykarylyp teläriň aşagyna düşeleni üçin „teläraşak“ adyny alypdyr.Türkmen öýleriniň tüýnüginden bezeg üçin ümür-duman hem asylypdyr. Ol diňe öýüň tüýnügini bezemek hemem öýi ýyly saklamak ýagny ümürden-dumandan goramak üçin niýetlenen iňňän nepis haly önümidir. Ümür-duman ak çuwala meňzeýär, emma onuň aşaky bölegi seçek bilen gutarýar. Bu barada şeýle aýtgy hem bar:

1.     Aşyrberdiýewa O., “Düýp halym- tör halym” “Zenan kalby” žurnaly, 2017ý,  iýuny

Ümür-duman seçeksiz,

Serçek kowduňmy agyz?

Gaz aýaksyz, garmaksyz.

Garga kowduňmy agyz? 1

Ümür-duman goşa bolup, öýüň iç ýüzünden ýokardan asylýar. Bir öý üçin iki-dört we ondan hem köp ümür-duman gerek bolýar. „Kerpiç“ nagyşly ümür-duman haly önümi tüýnükden bezeg hökmünde asylýar. Bu haly önümi öz nagyşly taslamasy boýunça çuwallaryň nagyş ulgamyny ýatladýar. Sebäbi halynyň aglaba bölegini „kerpiç“ nagşy eýeleýär. „Kerpiç“ nagyşlar alty setir  bolup düzülýärler we her setirde on iki sany göni burç nyşanlar ýerleşýär. Göniburçluklaryň içinde meandr görnüşli „gaňrak“ nagşy ýerleşýär. Her „Kerpiç“ nagyşly setiriň arasynda aýratyn nagyşly zolaklar geçýär. Halynyň ýokarky we aşaky setirleriniň arasynda sekiz burçly ýyldyzlaryň düzümi salynypdyr. Merkezi setirleriň ýokarsynda we aşagynda atanak görnüşinde goçak nagyşy şekillendirlipdir. Şol goçaklar  halynyň iň aşaky gyrasyndan hem geçýärler. Ümür-dumanyň ýokarky gyrasyna türkmen goçak nagyşlarynyň nusgawy keşbi salnypdyr. Bu haly önüminiň iki gapdalky gyrasynda goçaklar sepleşikli şekilinde düzülýärler. Ümür-dumanyň aşaky böleginiň ýerligi ak, onuň ýüzünde on iki sany nyşanlardan ybarat taslama ösüp oturan bagy-bossanlygy ýatladýar. Şol baglaryň sudurynda guşlaryň şekillini  hem görmek bolýar.

goýberilýän haly bezegi; „köşek halyk“, „düýe halyga“ görä kiçi bolup, onuň bilen köşek bezelýär; maňlaýlyk düýäniň maňlaýyny bezeýär. Düýedyzlyk bilen toý güni düýäniň dyzy bezelýär. „Zerbap“ nagyşly düýäniň asmalygy toý güni düýeleriň örküjüniň iki gapdalyna dakylýar. Taslamasy boýunça göniburçly bolup onuň ýokarky bölegi üç burç görnüşlidir. Düýe asmalygynyň merkezi meýdanynda „Zerbap“ nagşy üç setirden ybarat bolup, ýiti gök, ak we gyzyl reňkleriň sazlaşmagynda toýuň şadyýan äheňini tassyklaýar. Özüne-de zerbap nagşy öz daşky häsiýeti boýunça ýomutlaryň „gabsa göl“ nagşynyň suduryna meňzeşräk. Merkezi meýdanyň üç tarapy tolkun nagşy bilen gurşalýar. Ýöne zerbap nagşyň merkezinde üýtgeşik nyşanlar ýerleşýär -geometrik  aýdyň däl düşünje „abstraksiýä“ taslama düýäniň kejebesini görkezýär. Hem-de düýä asmalygynyň umumy sudury-göwrümi kejebäniň sypatynda dokalýar. Merkezi meýdanyň üç tarapyny goçak nagşynyň üýtgeşik görnüşi bezeýär, sebäbi bu goçak nagyşlar taslamasy boýunça Oguz han eýýamynyň öküz malynyň oňonyny ýatladýar. Goçagyň merkezinde kiçi göwrümli haç ýerleşýär. Altyndepeden tapylan öküziň altyn kellesi öz daşky häsiýeti boýunça ýaňky goçak nagyşlar, çal öküziň maňlaýynda ýürek görnüşli pöwrüze daşy goýulypdyr, asmalykda bolsa, öküziň maňlaýy kiçiräk haç bilen bezelýär. Düýe asmalygyň gyra nagşy öz häsiýeti boýunça Nusaý galasyndaky köwekleriň diwar bezeginiň nyşanyny ýatladýar. Ol diwaryň bezeg bölegi. Şonuň ýaly ýadygärlikleriň böleklerini Türkmenistanyň Milli Muzeýinde görmek bolýar. Düýe asmalygyň iki gapdalynda bir setir gotazlar berkidilýär, aşak gapdalyna bolsa üç setir gotazlar berkidilen. Gadymy wagtlarda seçekli gotazlar arasynda kümüşden ýasalan jaňjagazlar we gotazlar asylypdyr. Zerbap nagyşly düýe dyzlygy iki bölekden ybarat sebäbi, ol düýäniň öň aýaklaryna dakylýar. 

1.     Gadymy oguz oýunlary Galkynyş gazeti, 1999ý. 15-nji sentýabry

Düýedyzlygyň sudury düýe asmalygyna keşbi boýunça meňzeş, hem-de dyzlyklaryň aşaky gotazlary üç setirden düzülýär.Düýedyzlygyň merkezinde diňe bir uly göwrümli zerbap nagşy goýulýar. Düýedyzlygyň ölçegi düýäniň dyzynyň göwrümine laýyk gelýär. Zerbap nagyşyň üç gapdaly „tegbent“ nagyşy bilan gurşalýar. Düýedyzlygyň ýokarsynyň şekilleri düýe asmalygynyň inçe şekillerini doly gaýtalaýar. 

        Halkyň taýsyz sungaty türkmen öýüniň özenini düzýän, has takygy öýi saklaýan köki-damary bolan, öý ýüplerde hem jemlenendir. Eýsem olar diňe öý ýüpi bolup hyzmat etmän öýe aýratyn gelşik berýän sungat önümidir. Öý ýüpleri öýüň her bir esbabynda ulanylyp, olaryň hersiniň öz ýerine ýetirýän işi öz atlary bardyr.1

1. Ak ýüp - öýüň täriminiň daşyndan owadanlyk hem berklik üçin aýlanýan ini ýarym metre çenli zolak esbap. Agdyklyk edýän reňki ak. Her dürli ownuk nagyşlar salnyp, kakylyp dokalýan önüm. Esenguly etraplarynda kyrk bir çiş bilen uzak wagtlap dokalýan örän inli we dokamasy çylşyrymly öý esbaby. Bu hem tärimiň daşyndan owadanlyk we berklik üçin tutulýar we bu ýüpe başgaça öý ýüpi hem diýilýär;

2. Ala düzi – öýlerde “ukda” gyzyl düzüniň saralýan insiz ala ýüpi. Ak we akýüpden kakylyp dokalýar;

3. Bagyş bag – üzügiň aşakgy etegini tärime berkitmek üçin işilip ýa-da örülip dakylýan uzynja ýüp, bag; 

4. Burun bag - üzügiň her ýokary çetiniň iki ýerine berkidilip üst aşyry çalşyrylyp çekilýän inçeräk işilen ýüp; 

5. Gamyş bag – öý gamşyny çykamak üçin çöpürden egrilip bükdürilen ýüp. Çykalan gamşyň iki tarapyndan gamşy öýüň daşyna aýlap daňmak üçin uzyn ýüp;

6. Gyzyl düzi - uklaryň pugta we ykjam durmagy üçin tärimden takmynan      30 sm ýokarlykda her uga bir gaýta saralýan, on barmak inlilikdäki dokama ýüp;

7. Gülli ýüp – öýüň ugunyň daşyndan aýlanýan (düzi ýüpüniň daşyndan) ýüzi nagyşly, dokama inli ýüp; 

8. Golaň ýüp – (golaň saçly gyz) öýüň gamşynyň daşyndan aýlanýan dokama ýasy gyzyl ýüp;  

9. Goýy – uguň egninde aýlap daňmak üçin işilen ýa-da örülen ýüp; 

10. Gyzyl golaň – öýüň biline aýlanýan, insizräk dokalan gyzyl ýüp (öýüň bil bagy);

11. Gök ýüp – öýüň täriminiň daş ýüzünden durlugyň iç ýüzünden bezeg üçin tutulýan dokama ýüp. Agdyklyk edýän reňki gök bolup, dürli nagyşlar salnyp çitilip dokalýar. Ini sere metr çemesinde bolýar. 

12. Gönjük ýüp – dürli nagyş salnyp öýdüme bilen dokalýan we öý gamyşynyň ortasy bilen öýüň daşyna aýlanýan zolak ýüp. 

13. Göterge bag – göçde tärimleri birikdirip daňmak üçin ulanylýan örme ýüp.

14. Durluk bagy - durlugyň aşak we ýokary gyrasyna berkidilýän bag, ýüp. Durluk bagy durlugyň ýokarsyna we aşagyna tärime berkitmek üçin hyzmat edýär. Muňa “durluk bagjyk” hem diýilýär; 

15. Düziýüp – aköýüň uklaryny bir-birine daňyp berkitmek üçin 10 sm inlikdäki, gyzyl we gök zolakly ýüp. Muňa “egin ýüp” hem diýilýär; 

16. Durluk kaka – aköý tutulanda tärimiň başynyň ýaýrap gitmezligi üçin, 40-50 sm. inlikdäki öýdüme bilen dokalýan gyzyl reňkli gök zolakly ýüp. Bu ýüp tärimiň daşyndan, durlugyň iç ýüzünde aýlanýar; 

1. Halaçly halyçy zenan Şemşat Gullyýewanyň maglumatlaryndan (Pelwert obasynyň ýaşaýjysy)

17. Tüýnik ýüpi – dürli ýüpden owadan edilip örülip, tüýnügiň çagarygyndan asylýan ýüp. Bu ýüpe has owadanlyk üçin gotaz hem dakylýar. 

18. Çöwüm ýüpi – güýçli ýel bolanda ýykylmaz ýaly öýüň üstünden üstaşyr atanaklaýyn geçirilip, iki ýan ýüzünden gazyga daňylýan ýüp. Muňa “örk” ýüpi hem diýilýär;

19. Tärim ýüpi – öýüň her bir ganatlaryny bir-birine berkitmek üçin dört barmak ýogynlykda örme ýüp bilen berkidilýär; 

20. Uk bag – ugy tärime berkitmek üçin uguň aşak ujuna daňylýan inçe ýüp, ýa-da bag; 

21. Üzük bag – Üzügi tüýnüge we durlugyň üsti bilen aşak etegine berkidýän ýüp. Üzük bag sekiz sany aýry-aýry inçeräk örülen ýa-da işilen ýüpden ybarat bolup, olaryň özleriniň “burunbag, ýanbag” diýen ýaly atlary bar;

22. Serpik bag – açyp ýatmak üçin ýörite örülen ýa-da işilen serpige berkidilýän ýüp. Serpik bag alty sany bolup, bäşisiniň aşak ujy üzügiň we durlugyň üsti bilen geçip, tärimiň etegine baglanýar. Altynjysy serpigi açyp-ýapmaga hyzmat edýär. Muňa “öň bagy” hem diýilýär; 

23. Söýe daňy – aköýüň tärimi bilen işigiň söýesini berkitmek üçin ýörüte örülýän alaja ýüp; 

24. Öý ýüpi – tärimiň daşyndan tutulýan owadan dokama ýüp.     

         Türkmen öýleriniň örän baý senetçilik toplumynyň bardygyna ýokarda görkezilen maglumatlar aýdyň subutnama bolup durýar. Halkyň milli däpleriniň, medeniýetiniň has-da öý gurluşygynda aç-açan ýüze çykmagy taryhy hakykatdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine hormat goýmak, ony ylmy taýdan öwrenmek we täze nesliň hakydasyna ýazmak ýaly döwrebap talaplar biziň, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň  esasy ýörelgeleriniň biri bolup, durmuşa ornaşdyrylýar.

       Halkymyzyň taryhy baý we gözeldir. Ol gözelligi biz türkmenleriň ýazlak üçin niýetläp döreden öýlerinde we halk döredijiliginiň amaly sungatlaryna siňen ylmy tapyndylarynda görýäris. Öýleriň haly önümlerinde reňklere berilýän üns adam aklynyň çuňlugyny açyp görkezýär. Olar baradaky käbir täze döwrebap synlar şulardan ybaratdyr.Gök  reňk  bir meňzeş  tekizlige  düşelende çuňňur uzaklaşýan   duýguny  berýär. Iki sany  inedördül  tekizlikde  gök we gyzyl  reňkleri biri – birine  ýakyn goýlup görülende, olaryň  birinjisi uzaklaşýan, ikinjisi  ýakynlaşýan duýguny emele getirýär.1 Reňkleriň, adamda ýakynlaşýan we uzaklaşýan joşgunly duýguly (emosional) täsirini şeýle daşdan görüjilik (perespektiwaly) reňkleriň üsti bilen görýäris:  1 - gyzyl:  2 – goňur: 3 – ýaşyl:  4 – gök : 5 – ak. Bu  yzygiderli tertibiň şekillendirliş sungatynda orta asyrlarda tassyklanylmagyny beýik eserleriň üsti bilen bilýäris. Reňkler adamyň häsiýetine joşgunly täsir edip bilýär. Durmuşda adamlar öz reňk tagamlaryny: eserleriň, durmuş serişdeleriniň, ýaşaýan otaglarynyň we başga zatlarynyň üsti bilen özlerini açýarlar. Ýöne, “reňk bilen dost saýlanmaýar” diýen düşünje-de bar. Şekillendiriş sungatynda reňkler “ýyly” we “sowuk” , “ýeňil” we “agyr” , “sesli”, “öňe çykýan” we “daşlaşýan” diýen düşünjeleri  suratkeşleriň  döre dijiliginde ulanylýar.

1.    Şekillendiriş sungatynyň we binagärligiň sintezi., A; 2020ý, 42-nji sahypa

          Şeýlelikde-de, “ýumşak” we “gaty” diýen düşünjeler “sesli” we “gygyrmaýan” diýen düşünjeleriň manydaş sözleridir (sinonomidir). Goňur, ýeňil  ýagtylykdaky gyzyl, gyzyl – mämişi “gygyrmaýan” reňkler toplumyna degişli. Suratkeşleriň  gürrüňlerinde käbir reňklere “döwük” (lomanyň) diýen adalgalar bar. Olara örän öçügsi reňkler degişlidir (seriý). “Ýeňil” we “agyr” reňkler toplumyna, açyksy birinji, garamtyl olaryň ikinjisine degişlidir.

Reňkleriň adam duýgularyna dürli görnüşlerde täsiri bar. Ol ilki bilen adamynyň şähtini açýar, begenç duýgusyny oýarýar gaýgy, gorky, dynçlyk  oýaryp bilýär, ikinjiden agramlyk , gyzgynlyk derejesi (temperatura) görk aýratynlyklary we şuňa meňzeşler. Şeýle-de reňkleriň nyşanlygy aýry - beýanly estetiki duýgulary, dünýägaraýşy täsirli emele getirýär.1

Türkmen öýleriniň estetiki täsirini naýbaşy eserleriň hatarynda goýmak gerekdir. Onuň çeperçilik, lukmançylyk, etnografiýa ýaly ençeme ugurlary jemläp, türkmen halkynyň çäksiz ylmy açyşlaryny döredýär. Şol, tas ýatdan çykarylan ylmy ýörelgeleri täzeden durmuşa geçirmek we milli sungat ýolumyzy galkyndyrmak  wezipeleri biz, sungaty öwrenijileriň baş maksady bolup durýar. Medeni mirasymyzy diňe bir ýüzleý öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem oňa öz täzeçilligimizi döredijilikli goşmalydyrys. Her bir önümi halka bähbitli görnüşde ulanylyşa berip, durmuşa ornaşdyrmalydyrys. Ylmy işiň esasy öňde goýan maksady türkmen öýleriniň ýokary sungat derejesinde bolmagyny subut etmekden ybaratdyr. Özüniň maksadyna ýetmek üçin birnäçe wezipeleri amal edip, taryhy we etnografik, şeýle-de sungaty öwreniş nukdaý nazaryndan talaba laýyk we döwrebap ylmy işi ýola goýmaga çalyşýar. Ak öýleriň gurluşygy halkyň ruhy uýmalary bilen sazlaşyp, onuň içki-daşky bezeginiň tutuşlygyna öwrenmeklige çalyşyldy. Edebiýat çeşmelerinde ak öýleriň gurluşygy baradaky maglumatlaryň üzül-kesil az bolmagy maňa birnäçe taryhçylar, senetçiler we sungat işgärleri bilen bolan maslahata iterdi. Gerekli serişdeleri, (habarnamalary) hem-de milli mirasymyzyň sahypalaryndaky öý barasyndaky edebiýatlary, muzeýlerdäki we ýerlerdäki öýler bilen içgin tanyşmak maňa ullakan lezzet berdi. 

Men halkymyzyň taryhy ýaşaýyş şertlerini öwrenmäge çalyşdym, amaly-haşam sungatymyzyň görnüşlerini, türkmen el senediniň sungat derejesindäki önümlerini kesgitläp, öý bilen baglanyşykly foto suratlary jemledim. Ylmy döredijilik işiniň täzeligini teklip edip, milli mirasymyzyň bir görnüşi bolan öýlerimiz barasyndaky öz öňe süren pikirimi beýan etmäge çalyşdym. Hakyky kada-kanuna laýyk edilip gurnalan hem bezelen türkmen öýlerini ýurdumyzyň saglygy dikeldiş öýlerinde, myhmanhanalarda, naharhanalarda, medeni dynç alyş öýlerinde, muzeýlerde, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde gurnamaklygy teklip edýärin. Ak öýlerimize halkymyzyň geçen taryhynda ýöňkelen ak pikirleri ýok edip, päk we arassa mukaddes ojak hökmünde wagyz etmegi maksat edindim.

Medeni miras merkezlerimizde türkmen ak öýleri gurnalyp, okuwçylarymyza, talyplarymyza taryh derslerinde olar dogrusynda düşünje berilse, türkmeniň hakyky ruhy dünýäsi olaryň hakydasynda peýda bolardy. 

 

1.     Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy., A;2018ý,  71-nji sahypa

      Öý baradaky mukaddes maglumatlary ýaşlaryň eşidip, okap däl-de, eýsem görüp lezzet almaklaryny-da gazanmak derwaýys hasaplaýaryn. Biziň milli mirasymyzy ornaşdyrmak bolsa milli terbiýämiziň özenidir. Çünki türkmen halky şol öýlerde ösdi örňedi. Biziň özümiziň hem türkmen öýleriniň dünýädäki öýleriň iň ösen hem asyl nusgalarynyň biridigini bilmegimiz zerurdyr.

      Türkmeniň ak üzükli öýleriniň halk döredijiligine siňen ummasyz mähir-muhabbeti, ojak söýgüsi ata-babalarymyzyň hakydasynda Watan diýen düşünje bilen deň hatarda bolmaly. Olar mukaddes ojagyny goramak bilen ene topragyna bolan çäksiz söýgüsini ruhubelentlik we gaýduwsyzlyk häsiýetleri bilen amal edipdirler. Öý mukaddesligi - ene hüwdüsinde, tä gojaman ömrüniň ahyryna çenli, türkmeniň toýy we ýasy, söýgüsi we ahmyry bilen dolup gymmatly ruhy hazynany döredip bilipdir.